Bar­lag ge­çi­ri­ji­ler Mek­si­ka­nyň Kin­ta­na-Roo şta­tyn­dan suw ba­san, dün­ýä­niň iň uly iki go­wa­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar. Bu go­wa­gyň uzyn­ly­gy 347 ki­lo­met­re ba­ra­bar­dyr. Bu açyş ba­ra­da Ýu­ka­tan ýa­rym ada­sy­nyň ýe­ras­ty suw­la­ry­ny öw­ren­mä­ge we go­ra­ma­ga ni­ýet­le­nen “Gran Acuífe­ro Maya” yl­my-bar­lag tas­la­ma­sy­nyň alym­la­ry ha­bar ber­di­ler. Bar­lag ge­çi­ri­ji­ler on­lar­ça aý­la­ryň do­wa­myn­da iki go­wa­gyň bir­leş­ýän ýe­ri­niň göz­le­gin­de bol­du­lar. Olar ýe­ras­ty ga­la­re­ýa­lar­dan we tun­nel­ler­den yba­rat bo­lan öt­lem-öt­lem çyl­şy­rym­ly gur­luş­lar­dan yba­rat­dyr. Bu ta­pyn­dy ar­heo­log­lar­da aý­ra­tyn gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär, çün­ki go­wak ga­dy­my hal­ky­ýet bo­lan ma­ýýa­lar ba­ra­da mö­hüm mag­lu­mat­la­ry ýü­ze çy­ka­ryp bi­ler diý­lip çak­lan­ýar.
– In­di biz bu ýi­tip gi­den me­de­ni­ýe­tiň nä­hi­li ösüş ýo­lu­ny ge­çen­li­gi­ni, ta­ryh­dan öň, bu ýer­ler­de me­kan tu­tan adam­la­ryň ýa­şaý­şy­nyň nä­hi­li bo­lan­dy­gy ba­ra­da öz pi­ki­ri­mi­zi aý­dyň be­ýan edip bi­le­ris – di­ýip, tas­la­ma­nyň ýol­baş­çy­sy Gi­ler­mo de An­da gür­rüň ber­ýär.

10 müň ýyl­lyk
ta­pyn­dy
Mek­si­ka­da guw­was­lar 10 müň ýyl­lyk ada­myň ske­le­ti­ni tap­dy­lar. Ol Ýu­ka­tan ýa­rym ada­sy­nyň ýe­ras­ty suw go­wak­la­ry­nyň bi­rin­de ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bu ba­ra­da “Gran Acui­fe­ro Maya” yl­my-bar­lag tas­la­ma­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Gil­er­mo de An­da ha­bar ber­di.
– Bu ske­le­tiň ki­me de­giş­li­di­gi en­tek anyk­la­nyl­ma­dy. Mu­nuň üçin tas­la­ma ant­ro­po­log go­şul­ýar – di­ýip, An­da bel­läp geç­di. Guw­was­lar ada­myň ske­le­ti bi­len bir ha­tar­da, Maý­ýa me­de­ni­ýe­tin­den ga­lan ta­ry­hy eser­le­riň üs­tün­den bar­dy­lar.