Britan we hytaý alymlary gülli ösümlikleriň haçan peýda bolandygyny anykladylar diýlip, “New Phytologist” neşirinde bellenilýär. Aýdylyşyna görä, güller Ýerde, takmynan, 100-150 million ýyl mundan ozal, ýagny hek döwrüniň birinji ýarymynda peýda bolupdyr. Mundan ozal, ylym dünýäsinde gülleriň haçan peýda bolandygy barada belli bir pikir ýokdy. Paleontologik maglumatlar, esasan hem, gülli ösümlikleriň heniz ýaşdygy baradaky pikire uýup, olaryň hek döwrüniň ahyrlarynda peýda bolandygyny çak edýärdiler. Şol döwürde tozanlandyryjy mör-möjekler hem ep-esli derejede giňden ýaýrap ugrapdyr. Emma geçirilen barlaglaryň molekulýar usuly gülleriň paleontologik maglumatlarynyňkydan has aňyrrakda dörändiginden habar berýär.
– Biz 650 görnüşli ösümlikleriň 83-siniň geninde seljeriş işlerini geçirdik we gülleriň hek döwrüniň birinji ýarymynda, ýagny 100-150 million ýyl mundan ozal, peýda bolandygy baradaky belli bir netijä geldik – diýip, alymlar gürrüň berýärler.