20-nji de­kabr­da Türk­me­nis­ta­nyň DIM-de Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Ah­met Gur­ba­now bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly Il­çi­si Raw­şan­bek Ali­mo­wyň ara­syn­da du­şu­şyk ge­çi­ril­di.
Gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän pi­kir alyş­ma­la­ryň do­wa­myn­da soň­ky ýyl­lar­da türk­men-öz­bek hyz­mat­daş­ly­gy­nyň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän­di­gi we bar­ha ok­gun­ly hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy nyg­tal­dy. Ýo­ka­ry de­re­je­de yzy­gi­der­li esas­da ge­çi­ril­ýän du­şu­şyk­la­ryň we öza­ra sa­par­la­ryň ne­ti­je­sin­de uzak bol­ma­dyk döw­rüň do­wa­myn­da iki ýurt hyz­mat­daş­ly­gyň hil taý­dan tä­ze de­re­je­si­ne çyk­dy­lar.
Söh­bet­deş­li­giň bar­şyn­da sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy we ony ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri, ozal ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi bi­len bag­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Mi­nist­riň orun­ba­sa­ry we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň do­ly yg­ty­ýar­ly we­ki­li iki ýur­duň do­gan­lyk halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne türk­men-öz­bek hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mun­dan beý­läk-de ber­ki­dil­jek­di­gi­ne we ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.