16-17-nji dekabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň 15-nji bilelikdäki mejlisi gedçirildi. Mejlise Ýaponiýanyň “ITOCHU Corporation” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar gatnaşdy. Ýapon wekiliýetiniň düzümine “ITOCHU Corporation”, “Mitsubishi”, “Kawasaki Heavy Industries Ltd.”, “Sumitomo” we beýleki iri kompaniýalaryň, Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC), JETRO daşary söwda guramasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň girizilendigini bellemek gerek.
Komitetleriň bilelikdäki mejlisi iki mowzuga bagyşlandy. Birinji bölümde söwda-ykdysady, nebitgaz we himiýa senagaty, “ýaşyl” energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu meseleler boýunça türkmen tarapy dekarbonizasiýa ugrunda orta göwrümdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki karz bermek guralyny ulanmak boýunça geňeşmeleri ýola goýmagy; Türkmenistanda ýapon kompaniýalary tarapyndan gurlan kärhanalarda öndürilýän harytlary eksport etmäge ýapon tarapyny çekmek guralyny döretmegi; dikeldilen metany çig mal hökmünde ulanmak mümkinçiligini öwrenmek arkaly metan zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen çäreleri işläp taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagy; “ýaşyl” we wodorod energetikasynda ýapon tejribesini öwrenmegi hem-de häzirki zaman ýokary tehnologiýaly önümçiligi ýola goýmagy; “GTG-2” taslamasy üçin “Ýol kartasynyň” wezipelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde Pariž ylalaşygynyň borçnamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň milli derejede kesgitlenen goşandynyň rejelenen görnüşini işläp taýýarlamak boýunça geňeşmeleri ýola goýmagy teklip etdi.