Köneürgenç etrabynyň “Serdar” toý mekanynda etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim-medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklygynda etrabymyzyň “Döwletli” çagalary üçin Täze ýyl baýramy mynasybetli aýdym-sazly çäre geçirildi. Çäräniň geçiriljek ýeri köp öwüşginli çyralar, arçalar bilen bezelmegi, bu ýere gelen çagalarda uly ruhubelentlik döretdi. Dürli naz-nygmatdan doly saçak başyna etrabymyzyň “Döwletli” çagalary gatnaşyp, olara gyzgyn çaý-nahar hödür edildi. Çärä Aýazbabadyr Garpamygyň, ertekilerdäki gahrymanlaryň gatnaşmagy çäräniň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Köneürgenç etrabynyň Merkezi kitaphananyň ýanyndaky “Gurjak” teatrynyň sahna oýunlaryna, Köneürgenç etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň höwesjeň aýdymçy oglan-gyzlarynyň açdym-sazly çykyşlaryna çagalar uly ruhubelentlikde tomaşa etdiler, ruhy lezzet aldylar. Şeýle hem etrabyň çagalar çeperçilik mekdebiniň suratkeşleriniň çäräni geçişi, täze ýyl baýramyny Aýazbabadyr arçanyň suratlaryny çekmegi çärä aýratyn gelşik berdi. Çäräniň dowamynda etrabymyzyň “Döwletli” çagalaryna baýramçylyk sowgatlary ýagdaýda gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda ýaş nesillerimiziň okamagy, öwrenmegi, döretmegi ugrynda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy.
Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.