23-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Somali Federatiw Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda daşky gurşawy goramak we suw diplomatiýasyna bagyşlanan göni wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.
Duşuşykda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ekologiýa kafedrasynyň müdiri, Ýewropa Komissiýasynyň Erasmus+ maksatnamasynyň çäginde durmuşa geçirilýän «Merkezi Aziýada howa durnuklylygyny we howpsuzlygy üpjün etmek üçin suw pudagynda ýokary bilimi pugtalandyrmak» (HWCA) atly taslamasynyň uniwersitet boýunça utgaşdyryjysy Şeker Aşyrmyradowa «Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine uýgunlaşmakda ýokary bilimiň we halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti» atly temada çykyş etdi. Çykyşda bellenilişi ýaly, ýokary bilim howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini taýýarlamak üçin degişli hünärmenleri ýetişdirmekde möhüm meýdança bolup durýar. Ekologiýa, suw dolandyryşy, energiýa netijeliligi, oba hojalygy, we ykdysady uýgunlaşma ýaly ugurlarda ýöriteleşdirilen maksatnamadyr taslamalar esasynda sebitiň meselelerine gönükdirilen çözgütleri hödürlemek mümkindir. Ýokary bilim ulgamy klimatologiýa, durnukly ösüş, we ekologiýa dolandyryşy ýaly ugurlarda hünärmenleri taýýarlamak bilen çäklenmän, olary sebitara meseleleri çözmäge taýýarlamagy maksat edinýär.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Gidrometeorologiýa kafedrasynyň müdiri, geografiýa ylymlarynyň kandidaty G. Hamraýew «Günbatar Türkmenistanyň aklaň çägeleriniň hereketiniň öwrenilişi» atly temada çykyş edip, ýurdumyzda bu babatda alnyp barylýan işler barada giňişleýin belledi. Hususan-da, ol öz çykyşynda Günbatar-Türkmen pesliginiň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak boýunça meseleleri üstünlikli çözmek üçin häzirki zaman ekzodinamiki prosesleriň we relýef emele geliş prosesleriniň barlaglary barada belledi. Şunda öwrenilýän sebitde süýşýän çägeleriň hereketini öwrenmek maksadalaýyk bolup durýar.
Göni aragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda Somali Federatiw Respublikasy tarapyndan hem birnäçe çykyşlar boldy. Mogadişo uniwersitetiniň Parahatçylyk, suw we daşky gurşaw institutynyň müdiri, doktor Şerif Osman «Somaliniň suw diplomatiýasy: bar bolan kynçylyklar we elden gidirilen mümkinçilikler» diýen temada, Somali milli uniwersitetiniň oba hojalygy we daşky gurşawy dolandyrmak fakultetiniň mugallymy Abdilatif Hüseýin Omar «Somaliniň daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi: hökümet, raýat jemgyýeti we akademiýanyň bilelikdäki tagallasy» diýen temada, Mogadişo uniwersitetiniň inženerçilik fakultetinden doktor Abdirahman Ysmaýyl Dakane «Juba-Şabble basseýniniň toplumlaýyn suw çeşmelerini dolandyrmak: durnuklylygyň açary we sebit ösüşine umyt» atly temada, SIMAD uniwersitetiniň howa we daşky gurşaw institutyndan Muhammet Okaş «Somalide howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýokary bilimiň orny» atly temada çykyş etdiler.

Çeşme: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti