24-nji dekabrda Tejen şäherinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desganyň, şeýle hem Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 15 müň kub metr bolan lagym suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabaralary boldy.
Döwrebap gidrotehniki desgalaryň açylyş dabaralaryna Mejlisiň deputatlary, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, il sylagly ýaşulular, ýaşaýjylar gatnaşdylar.
Bu desgalarda dünýä belli önüm öndürijileriň öňdebaryjy enjamlarynyň ornaşdyrylmagy işleri ýokary derejede alyp barmaga, şol sanda ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer. Döwrebap suw arassalaýjy desga degişli binalardan ybarat bolup, halkara talaplara doly laýyk gelýär. Açylyş dabaralaryndaky çykyşlarda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen şeýle döwrebap desgalary gurduryp berýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri beýan edildi.