Biz žurnalist hünärini iň gyzykly hünärleriň biri hasaplaýarys. Dünýäniň ähli möhüm wakalaryndan habardar bolmak, haýsydyr bir meseläni orta atmak, adamlara ýardam bermek – bularyň ählisi žurnalistleriň işiniň esasy aýratynlygydyr. Žurnalistiň hünäri köplenç, özüniň ilkinjileriň hatarynda şaýat bolýan gyzykly we garaşylmadyk duşuşyklary we syýahatlary bilen baglanyşyklydyr. Žurnalist – maksada okgunly, tutanýerli, şol birwagtyň özünde hem ýeňil gürleşip bilýän, ünsli adam diýmekdir. Ökde žurnalist öz güýjüni, zehinini, wagtyny jemgyýetde bolup geçýän möhüm wakalary öwrenmäge gönükdirýär.
Žurnalistika – döredijilik gözlegleriniň romantikasydyr. Žurnalist adalgasy fransuz sözi “Journal”-dan gelip çykyp, “Gündelik”ýa-da “Žurnal” diýen manyny berýär. XV asyrda Germaniýada I. Gutenberg çap enjamy oýlap tapandan soň, bu adalga hem peýda bolýar. Russiýada Pýotr I döwründe 1703-nji ýylda “Wedomosti” gazeti neşir edilip başlanýar. “Žurnalist” adalgasy biziň sebitlerimizde ilkinji gezek XIX asyryň ortalarynda peýda bolup, giňden ulanylyp başlanýar. Şol döwürlerde žurnalistikanyň ýüze çykmagy üçin jemgyýetiň medeniýetiniň belli bir derejesi, ozaly bilen bolsa, ilatyň sowatlylygy zerur bolupdyr.
Gunça Galpakowa,
HTTU-nyň talyby.