Ame­ri­kan alym­la­ry kos­mos te­les­ko­py “Kep­le­riň” ýar­da­my bi­len bi­ziň ga­lak­ti­ka­myz­da ýe­ne-de 1,3 müň tö­we­re­gi ek­zop­la­ne­ta­la­ryň bar­dy­gy­ny, ola­ryň do­ku­z­ysyn­da bio­lo­gik dur­mu­şa ýa­ram­ly şert­le­riň bol­ma­gy­nyň müm­kin­di­gi­ni mä­lim et­di­ler. Bu hak­da Wa­şing­ton­da ge­çi­ri­len met­bu­gat kon­fe­ren­si­ýa­syn­da NA­SA-nyň hü­när­men­le­ri ha­bar ber­di­ler. NA­SA-nyň hü­när­men­le­ri 2009-njy ýy­lyň mar­tyn­da uçu­ry­lan, “Pla­ne­ta­la­ryň aw­çy­sy” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan yl­my en­jam­dan ge­lip go­wuş­ýan mag­lu­mat­la­ry öw­ren­ýär­ler.
– “Kep­ler” ýe­ne-de 1284 sa­ny tä­ze pla­ne­ta­ny tap­ma­ga kö­mek et­di – di­ýip, ABŞ-nyň kos­mos eda­ra­sy­nyň bel­li yl­my iş­gä­ri El­len Sto­fan ha­bar ber­di.
– Şeý­le­lik­de, onuň ýar­da­my bi­len açy­lan pla­ne­ta­la­ryň umu­my sa­ny iki es­se art­dy. Bu bol­sa, kos­mos gi­ňiş­li­gin­dä­ki Gü­ne meň­zeş ýyl­dyz­la­ryň tö­we­re­gin­den ýe­ne-de bir Ýe­riň ta­pyl­ma­gy­na umyt dö­red­ýär.
Mun­dan ozal, “Kep­le­riň” kö­me­gi bi­len Ak­ma­ýa­nyň ýo­lun­da ýüz­ler­çe ýyl­dyz­la­ryň tö­we­re­gin­de eme­le ge­len ul­ga­ma gir­ýän müň­den gow­rak ek­zop­la­ne­ta­lar ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Şeý­le hem alym­lar “Kep­le­riň” ýü­ze çy­ka­ran 1 müň 284 tä­ze pla­ne­ta­syn­dan 550-si­niň üst­ki gat­la­gy­nyň ga­ty­dy­gy hak­da gür­rüň ber­di­ler.
– Ola­ryň do­ku­z­ysy­nyň ýa­şa­ýyş zo­la­gyn­da ýer­leş­me­gi, öz ýyl­dyz­la­ryn­dan uzak­da­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, su­wuk­lyk gör­nü­şin­dä­ki su­wuň bol­ma­gy üçin ze­rur bo­lan üst­ki gat­la­gy­nyň ýy­ly­lyk de­re­je­si­ni sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär – di­ýip, tas­la­ma gat­na­şy­jy­la­ryň bi­ri Pris­ton uni­wer­si­te­ti­niň iş­gä­ri Ti­mo­ti Mor­ton bel­läp geç­di. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, in­di “Kep­le­riň” kö­me­gi bi­len açy­lan we ýa­şa­ýyş zo­la­gyn­da ýer­leş­ýän ek­zop­la­ne­ta­la­ryň umu­my muk­da­ry 21-e ýet­di. Hü­när­men­ler ol ýer­de bio­lo­gik dur­muş üçin ze­rur şert­le­riň bol­ma­gy­nyň müm­kin­di­gi­ni öňe sür­ýär­ler. NA­SA-nyň iş­gär­le­ri tä­ze pla­ne­ta­la­ryň çyn­la­kaý sel­je­riş­den soň­ra 4 müň 302 sa­ny bo­lup bil­jek da­laş­gär­le­riň ara­syn­dan saý­la­nyp al­nan­dy­gy­ny dü­şün­dir­di­ler. Ýe­ne-de 707 sa­ny da­laş­gär ka­bul edil­me­di, beý­le­ki­le­ri bol­sa, do­ly ba­ha­ly pla­ne­ta de­re­je­si­ni al­mak üçin goş­ma­ça bar­lag­lar ta­lap ed­ýär.
– “Kep­ler” or­bi­ta­da iş­läp başla­maz­dan ozal, kä­wagt bi­ziň ga­lak­ti­ka­myz­da duş gel­ýän ek­zop­la­ne­ta ba­ra­da bil­me­ýär­dik – di­ýip, NA­SA-nyň ast­ro­fi­zik eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Pol Gers aýt­dy.
– In­di bu te­les­ko­pyň ýar­da­my bi­len pla­ne­ta­la­ryň ýyl­dyz­lar­dan hem köp­dü­gi bel­li bol­dy.
Ger­siň söz­le­ri­ne gö­rä, açyş­lar Ak­ma­ýa­nyň ýo­lu­nyň gur­lu­şy ba­ra­da­ky bi­ziň göz öňü­ne ge­tir­ýän zat­la­ry­my­zy gi­ňeldýär we ha­çan-da bol­sa, birma­hal “Biz älem­de ýe­ke­mi?” di­ýen so­wa­la jo­gap tap­ma­ga ýar­dam be­rer. Şeý­le hem NA­SA Gün ul­ga­my­nyň çäk­le­rin­dä­ki bi­ziň ga­lak­ti­ka­myz­da ýer­leş­ýän pla­ne­ta­la­ry öw­ren­me­gi­ni do­wam et­di­rer.
Ol bu mak­sat­la­ry 2018-nji ýyl­da or­bi­ta ug­ra­dyl­jak James Webb adyndaky tä­ze kos­mos te­les­ko­py­nyň kö­me­gi bi­len ama­la aşy­rar. Bu tas­la­ma­nyň ba­ha­sy 9 mil­liard dol­lar tö­we­re­gi bo­lup, “Kep­le­riň” ba­ha­syn­dan 15 es­se köp­dür.