28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow asylly däbe görä, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi bagtyýar çagalarda aýratyn şatlyk we begenç duýgusyny döretdi.
Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän “Älem” medeni-dynç alyş merkezi Täze ýyl baýramynyň dabaralarynyň geçirilýän esasy ýerleriniň biridir. Bu gün hem bu ýerde ýaşajyk türkmenistanlylaryň gatnaşmagynda ajaýyp baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy.
Joşgunly aýdym-sazlaryň astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde ajaýyp Täze ýyl arçasynyň ýanyna barýar. Bu ýerde baýramçylygyň baş gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk hem-de ýylyň müçeleriniň keşplerini janlandyrýan körpeler ýaş nesilleriň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Täze ýyl bilen gutladylar. Soňra ýaşajyk körpeleriň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Olar bu şanly güne döredijilik sowgatlaryny taýýarlapdyrlar.
Döredijilik ýoluna ýaňy gadam basan zehinli aýdymçylaryň, sazandalaryň, çagalar tans toparlarynyň gatnaşmagynda täsin Täze ýyl baýramçylygy ýaýbaňlandyrylýar. Ýaşyl arçanyň şahalarynda şöhle saçýan bezegler, çagalaryň şatlykly ýylgyryşlary bu ýere aýratyn gözellik eçilýär. Türkmen hem-de dünýä halklarynyň ertekileriniň gahrymanlaryny janlandyran keşpler dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Hormatly Prezidentimiz eziz Watanymyzyň, jemgyýetimiziň buýsanjy bolan şadyýan çagalaryň çykyşlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdi.
Uly şatlyk-şowhunda Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmak baýramçylygyň ýatdan çykmajak pursady boldy. Luw we ýylan keşbini janlandyrýan lybaslary geýen çagalar döwlet Baştutanymyzdan özleri bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagyny haýyş etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz körpe nesliň wekilleri bilen bilelikde dostlugy, parahatçylygy, bitewüligi, jebisligi alamatlandyrýan Täze ýyl baýramynyň şatlygyny paýlaşdy.
Soňra dabara gatnaşan ähli çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şu günki şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we Täze ýyly şadyýan garşylamagy, ajaýyp gyşky dynç alşy, okuwlarynda üstünlikleri arzuw edip, awtoulagynda Söwda-senagat edarasynyň binasyna tarap ugrady. Bu ýerde çagalar döredijilik toparynyň, estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň gatnaşmagynda Täze ýyl şüweleňi dowam etdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Söwda-senagat edarasynyň baýramçylyk öwüşgininde bezelen uly zalyna barýar. Bu ýerdäki gözel arçanyň daşynda Täze ýyl ertekileriniň baş gahrymanlary Aýazbaba we Garpamyk, 2025-nji ýylyň nyşany bolan ýylan, baýramçylyk lybasly köp sanly ýaşajyk aşgabatlylar, paýtagtymyzyň myhmanlary bar. Olaryň ählisi döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Ýaş nesilleriň baýramçylyk dabarasyna hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Hökümet agzalary öz çagalarydyr agtyklary bilen geldiler. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri öz çagalary bilen gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň, folklor, tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, şol sanda çagalar baglarynda terbiýelenýänlerden başlap, dürli ýaşdaky zehinli çagalaryň çykyşlaryna tomaşa etdi. Baýramçylyk äheňinde bezelen sahnada Täze ýyla bagyşlanan ruhubelent aýdym-sazlaryň, joşgunly tanslaryň utgaşmagynda täsirli pursatlara beslenen çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
“Güneş” çagalar hory, «Mukam» skripkaçylar topary, “Ruhubelent çagalar”, “Şowhun”, “Aýjan”, “Dokmaçylar”, “Galkynyş” tans toparlary sahna meýdançasynda öz döredijilik sowgatlaryny görkezdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagy Aýjeren baýramçylyk mynasybetli goşgy aýdyp, saz çalyp, öz ukyp-başarnygyny görkezdi. Dabara gatnaşyjylar Aýjereniň çykyşyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Şeýle hem birnäçe aýdymçylar, döwlet derejesindäki köp sanly bäsleşikleriň, halkara döredijilik festiwallarynyň ýeňijileri sungat ýolundaky ajaýyp eserleri bilen çykyş etdiler. Olar Täze ýyl mynasybetli dünýä halklarynyň, türkmen kompozitorlarynyň häzirki zaman aýdymlaryny, nusgawy eserleri, folklor häsiýetli horeografik çykyşlary öz içine alýan ýörite medeni maksatnamany taýýarlapdyrlar.
Tomaşaçylar Türkmen döwlet gurjak teatrynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Olaryň çykyşlary ýygnananlaryň ruhuny has-da belende göterdi. Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň döredijilik işgärleri öz geň galdyryjy çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýakymly täsirleri döretdi. Ýaşajyk zehinlerem öz başarnyklary bilen hemmelere şatlyk paýlap, türkmen sungatynyň, medeniýetiniň uly geljeginiň bardygyny aýdyňlyk bilen görkezdiler.
Täze ýyl baýramy mynasybetli dabara gatnaşan bagtyýar çagalara süýjülik torty hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady hem-de dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Bu gün paýtagtymyzyň şaýollary, seýilgähleri, jemgyýetçilik ýerleri ajaýyp Täze ýyl lybasyna beslendi. Özboluşly kompozisiýalar, yşyklandyryjy bezegler ähli ýerde gözel görnüşleri emele getirýär. Şeýlelikde, baýramçylyk dabaralary her bir öýe, her bir maşgala ýagşy arzuwlary, şatlykly pursatlary, baýramçylyk täsinliklerini eçilýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan täze — 2025-nji ýyly garşylamaga taýýarlyk görüp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň ýoly bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar.