Gruziýanyň Prezidenti Georgiý Margwelaşwili ýurduň ýolbaşçy düzüminiň we jemgyýetiniň Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolmak üçin tagalla edýändigini aýtdy. Bu barada «RIA Nowosti» habarlar gullugy habar berýär.
– Biz Ýewropa gymmatlyklaryna meňzeş jemgyýet gurýarys. Biziň syýasy ýolbaşçylarymyz hem-de jemgyýetimiz Ýewropa maşgalasyna tarap kesgitli ädimler bilen öňe barýar. Gazanylýan ylalaşyklar, syýasy özgertmeler, Ýewropa ülňülerine laýyklykda, güýzde geçiriljek saýlaw muňa mysal bolup biler – diýip, Prezident Margwelaşwili Ýewropa Gününe bagyşlanyp geçirilen gala konsertde eden çykyşynda belläp geçdi. Ýurduň döwlet Baştutany geljekde Ýewropa goşulmak bilen köp ýeňiş gazanjakdyklaryny we Ýewropa Bileleşiginiň doly hukukly agzasy boljakdyklaryny aýtdy.
2015-nji ýylyň dekabr aýynda Ýewropa Komissiýasynyň taýýarlan beýanatynda Gruziýanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ygtyýarnama düzgünini ýeňilleşdirmek babatda ähli şertleri ýerine ýetirmek babatda ylalaşandygy bellenip geçildi. Şu ýylyň 9-njy martynda bolsa, Ýewropa Komissiýasy Gruziýanyň raýatlaryna ygtyýarnamasyz Ýewropa gelip-gitmäge şert döredýän kanunçylyk namasyny öňe sürdi. Tomsuň ilkinji aýlarynda Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryna ygtyýarnamasyz gidip-gelmek düzgüniniň ýola goýulmagy göz öňünde tutulýar.
Parlament saýlawy geçiriler
Gruziýanyň Prezidenti Georgiý Margwelaşwili parlament saýlawynyň 8-nji oktýabrda geçiriljekdigini habar berdi. Ol munuň üçin saýlawdan öňki kampaniýanyň bolsa, 8-nji iýunda başlanjakdygyny mälim etdi. Ýurduň Prezidenti bu karara gelmezden ozal, Premýer-ministr Georgiý Kwirikaşwili we Mejlisiň başlygy Dawid Usupaşwili bilen maslahatlaşdy.
– Parlament saýlawynyň wagty üýtgänok. Ol 8-nji oktýabrda geçiriler. Saýlawyň öň ýanyndaky kampaniýanyň haçan başlanjakdygy barada döwlet ýolbaşçylary bilen maslahatlaşdyk we 8-nji iýunda başlamak kararyna geldik. Aprel aýynda parlament saýlawyny oktýabrda geçirmek babatda ýurduň hökümetiniň başlygyna tabşyryk beripdim. Şonuň netijesinde, ýurduň hökümeti bu barada degişli işleri geçirýär – diýip, Prezident Margwelaşwili gürrüň berdi.