Filippinlerde prezident saýlawy geçirildi. Onuň netijesi boýunça 71 ýaşly syýasatçy Rodrigo Duterte sesleriň agramly bölegini eýeläp, ýurduň täze döwlet baştutany boldy. Ol sesleriň 39 göterimini aldy.
Şu ýylyň 8-nji maýynda ada döwleti hasaplanýan Filippinlerde prezident saýlawy geçirildi. Onda 5 dalaşgär döwlet baştutanlygyna saýlanmak üçin bäsleşdi. Olaryň arasynda 22 ýyldan bäri Dawao şäheriniň häkimi wezipesinde işleýän Rodrigo Duterte beýleki bäsdeşlerinden öňe saýlanmagy başardy.
100 million ilaty bolan Filippinlerde geçirilen saýlaw köp babatda uly ähmiýete eýedir. Sebäbi halk diňe ýurduň täze ýolbaşçysyny däl, eýsem, wise-prezidenti, 300 deputaty hem-de 18 müňe golaý ýerli häkimiýetiň ýolbaşçylary saýlandy.
Ýurduň häzirki Prezidenti Benigno Akino 2010-njy ýyldaky saýlawda 15,2 million ses alypdy. Onuň 6 ýyllyk wezipe möhleti 30-njy iýunda tamamlanýar.
Rodrigo Duterte bu gezekki saýlawda ýurduň ilkinji döwlet baştutanynyň agtygy Manuel Rohas, häzirki wise-prezident Jejomaraa Binaýa, 1992-nji ýyldaky saýlawda-da dalaşär bolan senator Miriam Defensor Santýago we syýasy arenanyň täze dalaşgäri Greýs Po bilen bäsleşdi.
Saýlawlarda 39 göterim ses alyp, ýeňiş gazanan Duterte 7 möhlet yzly-yzyna Dawao şäheriniň häkimi wezipesine saýlanypdy. Bu şäher ýurduň günorta bölegindäki Mindanao adasynda ýerleşýär. Onuň ilatynyň agramly bölegi musulman. Käri boýunça hukukçy bolan Duterte jenaýatçylyga, parahorluga hem-de garyplyga garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak bilen tanalýar.