Dün­ýä­de giň­den ýaý­ran hem-de hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ha­la­ýan ta­ga­my bo­lan piz­za­nyň ägirt ulu­sy­ny taý­ýar­la­mak ba­bat­da gyz­ga­laň­ly bas­le­şik baş­lan­dy. Şu ýy­lyň 15-nji ma­ýyn­da Ita­li­ýa­nyň Nea­pol şä­he­rin­de er­tir­den giç ag­şa­ma çen­li piz­za ta­ga­my­ny taý­ýar­la­mak çä­re­si ge­çi­ri­ler. Bu ýer­de dün­ýä­niň iň uzyn piz­za­sy­ny taý­ýar­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Nea­pol şä­he­rin­dä­ki der­ýa­nyň ke­na­ryn­da 2 ki­lo­metr uzyn­ly­gyn­da we 40 san­ti­metr inin­de piz­za çö­re­gi taý­ýar­la­nyp, dün­ýä re­kor­dy­ny tä­ze­le­mek me­ýil­na­ma­laş­dy­ryl­ýar. Şä­he­riň aş­pez­le­ri mu­nuň üçin äh­li ze­rur bo­lan taý­ýar­lyk iş­le­ri­ni ta­mam­la­dy. Tä­ze re­kord goý­lup, Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da iň uzyn piz­za taý­ýar­lan şä­her ýe­ne-de Ita­li­ýa­da ýer­leş­ýär. Mi­lan şä­he­rin­de EKS­PO Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si üçin 1,5 ki­lo­metr uzyn­ly­gyn­da piz­za taý­ýar­la­nyp­dy.
Piz­za Ita­li­ýa­nyň esa­sy mil­li ta­gam­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hä­zir­ki wagt­da ol tu­tuş dün­ýä­de giň­den ýaý­ran­dyr. Onuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­lup, 1522-nji ýyl­da Ýew­ro­pa po­mi­do­ryň ara­laş­ma­gyn­dan soň­ra bu ta­gam taý­ýar­la­nyp baş­la­nyp­dyr. Bu ta­ga­my pa­ty­şa maş­ga­la­la­ry-da go­wy gö­rüp­dir­ler. Ita­li­ýa­ly pa­ty­şa Um­ber­to I we onuň aýa­ly Mar­ga­ri­ta Sa­woss­ka­ýa piz­za­ny ga­ty ha­lap­dyr­lar. Şo­nuň üçin onuň bir gör­nü­şi­ne mar­ga­ri­ta diý­lip at ber­lip­dir. ABŞ-a piz­za ta­ga­my ba­ryp-ha, XIX asy­ryň ikin­ji ýa­ry­myn­da ara­la­şyp­dyr.
Ol hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de giň­den ýaý­ran ta­gaml­aryň bi­ri­dir. ABŞ-da, Ýew­ro­pada we dünýäniň ençeme ýur­dunda bu ta­ga­my taý­ýar­la­ýan ýö­ri­te res­to­ran­dyr na­har­ha­na­lar bar.