Ispaniýa deňiz kenarlarynyň arassaçylygy boýunça kerweniň başyny çekip gelýär. Arassaçylygy babatda öňdebaryjy kenarlara «mawy baýdak» berilýär. Ispaniýanyň 586 kenary bu baýdaga mynasyp boldy. Bu ugurda kerweniň başyny çekýän Ispaniýanyň Kataloniýa, Walensiýa, Mursiýa, Asturiýa we Kanar adalarynda täze deňiz kenarlary peýda bolar. Soňky ýyllarda «mawy baýdak» derejesine eýe bolmak birneme kynlaşdy. Bu derejä mynasyp bolmak üçin ýurtlaryň bu ugurda has köp serişde sarp etmekleri babatda tagalla edilýär.
Deňiz kenarlarynyň arassaçylygy ugrunda Ispaniýa bilen Türkiýe (444), Gresiýa (430), Fransiýa (400) we Portugaliýa (315) ýaly ýurtlar bäsleşýär.