Hindistanyň raýaty Daljinder Kaur Harýan ştatyndaky hassahanalaryň birinde 2 ýyllyk bejergiden soňra ilkinji çagasyny gujagyna aldy. Bu barada “Frans Press” habarlar gullugy habar berýär. 72 ýaşyndaky Kaur bilen 79 ýaşyndaky Mohinder Singh Gilliň maşgalasynda bagtly waka bolup geçdi. Olaryň ilkinji ogly 19-njy aprelde dünýä inipdi. Ýöne mundan habarlar gullugy soňradan habar alýar. Bagtly eje Kaur beren beýanatynda 46 ýyllyk maşgala durmuşynda çaga terbiýelemek umydyny ýitirendigini, emma soňky 2 ýyl önelgesizlik babatda alan bejergisiniň oňat netije berendigini we eje bolmak bagtyna ýetendigini mälim etdi.
– Hudaý biziň dileglerimizi kabul etdi. Häzir men özümi bagtly duýýaryn. Çagama özüm seredýärin. Adamym örän aladaçyl. Maňa ýakyndan kömek berýär – diýip, 72 ýaşly eje öz duýgularyny beýan etdi. Täze doglan çaga Armaan diýip at goýdular.
Hindistanda şeýle wakalara duş gelmek bolýar. 2008-nji ýylda Uttar-Pradeş ştatynyň ýaşaýjysynyň 72 ýaşynda ekiz çagasy dünýä inipdi.