Türkmenistan Halkara Nowruz gününi – Milli bahar baýramyny uly ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramyň hormatyna Nowruz ýaýlasynda ägirt uly öýüň görnüşinde gurlan “Türkmeniň ak öýünde” däp bolan toý dabaralary ýaýbaňlandy. Ir säher bilen özünde abadançylygy, adamlaryň arasyndaky ylalaşygy, hoşniýetliligi hem-de dostlugy alamatlandyrýan baharyň we tebigatyň oýanyşynyň hormatyna guralan bu dabara köp sanly myhmanlar hem-de baýramçylyga gatnaşyjylar ýygnandylar.
Hormatly Prezidentimiz bu ýere dikuçarly geldi, soňra özüni garşylan hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde, Nowruz ýaýlasyndaky meýdança ugrady.
Milli Liderimizi we myhmanlary ýoluň iki gyrasynda hatara duran elleri baýdakly we şarly talyplar hem-de mekdep okuwçylary, hormatly ýaşulular, Ahal welaýatynyň we paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden baýramçylyga gelenler mübäreklediler. Bu ýerde daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda Owganystanyň, Tatarystanyň (Russiýa Federasiýasy), Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Eýranyň wekilleri bar. Şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň halkara synçylary baýramçylygyň myhmanlary boldular.
Ýaýlada gündogar ertekilerini ýatladýan ajaýyp şäherçe özüniň ähli öwüşginlerini ýaýbaňlandyrdy. Giň sähra şatlykly baýramçylyk üçin ägirt uly sahna öwrüldi, türkmen obasynyň aýrylmaz gymmatlyklarynyň esasynda döredilen, Türkmenistanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen köp sanly gyzgalaňly söwda şäherçeleri bolsa, onuň bezegine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz öz egindeşleri bilen ýowaryň geçiriljek ýerine tarap barşyna ýol ugrunda ýurdumyzyň ekerançylary üçin jogapkärli döwrüň gelendigini, Milli bahar baýramynyň dabaralandyrylýan günlerinde geljekki bol hasylyň binýadyny döredýän meýdan işlerine badalga berilýändigini aýtdy. Gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekişine girişilýän günlerde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk ýowarynyň gowaça ekişi bilen gabat gelmeginiň aýratyn many-mazmuny bardyr, ol halkymyzyň asylly däbine öwrüldi diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz bag ekmek üçin taýýarlanan ýere barýar. Bu ýerde milli Liderimiz ýaş tut nahalyny oturdyp, köpçülikleýin bag ekmek möwsümine badalga berýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjyna ýygnananlar agzybirlik bilen goşulýarlar. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 2018-nji ýylda jemi 3 million düýp agaç nahaly: Ahal welaýatynyň Ak bugdaý hem-de Bäherden etraplarynyň aralygynda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 1,5 million düýp nahaly, welaýat merkezleriniň we şäherleriniň eteklerinde hem şonça möçberde agaç nahallary ekiler. Baýramyň ilkinji gününde Nowruz ýaýlasynda 15 gektar meýdanda tut nahallary, 5 gektar meýdanda bolsa miweli agaçlaryň nahallary oturdyldy.
Tutuş ýurdumyz boýunça ählihalk ýowaryna 377 müň 572 adam gatnaşdy, 445 müň 130-dan gowrak agaç nahaly ekildi. Aşgabat şäheri boýunça bu asylly işe gatnaşanlaryň sany 45 müň 672 adama barabar boldy, 198 müň 220 düýp agaç nahaly oturdyldy. Welaýatlarda bag ekmek işine 331 müň 900 adam gatnaşdy. Olar agaç nahallarynyň 246 müň 911 düýbüni ekdiler we ösüp oturan agaçlara ideg etdiler.
Hormatly Prezidentimiz we baýramçylygyň myhmanlary milli Liderimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň esasynda bezelen özboluşly taryhy galereýanyň girelgesine tarap ugraýarlar.
Kitap açylýar, onuň gadymy söwda ýollary çekilen jiltleri bolsa, hemmeleri bu ajaýyp özüne çekiji hem-de bu ägirt baýramçylyk görnüşiň esasy hökmünde alnan täsin rowaýat we aýtgylar bilen beýan edilen eseriň sahypalary boýunça syýahat etmäge çagyrýan derwezä öwrülýär.
Biziň halkymyzyň ýyl ýazgylarynda we medeni mirasynda ajaýyp yz galdyran türkmen topragynyň şäherleri boýunça syýahat başlanýar. Myhmanlary ilkinji bolup, gadymyýetde Amul diýlip atlandyrylan Lebap garşylaýar. Bu ýerde kenarynda biziň günlerimize çenli Daýahatyn kerwensaraýy ýaly geçmişiň ajaýyp şaýatlaryny saklap oturan Jeýhun joşgunly tolkunlary bilen akýar.
Gadymy Merwe bagyşlanan baýramçylyk dabarasynyň nobatdaky bölümi şeýle açylýar. Agaç ussasynyň özboluşly pawilonlaryndan soň, Uly Gyzgalanyň kuwwatly diwarlary görünýär. Onuň keşbinde bu täsin desganyň ägirt uludygy görkezilýär. Bu ýerde Mary welaýatynyň birleşen folklor topary çykyş edip, gadymdan gelýän sapan urmak oýnuny ýerine ýetirýär. Soltan Sanjaryň kümmeti Merwiň hakyky merjenidir. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda ýatlanylýan Soltanyň perä bolan söýgüsi hakyndaky rowaýat janlandyrylýar. Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleri bu rowaýat barada ussatlyk bilen gürrüň berýärler. Onda kümmetiň gurluşynyň käbir aýratynlygyny düşündirýän pursat bar.
Bu ýerde däp bolan semeniniň taýýarlanylyşyny, şeýle hem bugdaýyň ýaşyl baýramçylyk öwüşginine öwrülişini görmek bolýar. Gadymy ýer sürüjileriň watany bolan Ahal welaýatynyň bölümi hut şeýle görnüşleri bilen hem açylýar. Ahalyň medeni ýadygärligi – orta asyrlarda Sarahs baba ady bilen belli bolan Abul-Fazylyň kümmeti görkezilipdir.
Soňra hormatly Prezidentimiziň hem-de baýramçylygyň myhmanlarynyň öňünde Nowruz ýaýlasy meýdançasyndaky çykyşlar, Nusaý galasy baradaky sahna bilen dowam edýär. Onuň diwarynyň ýanynda Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde Oguz hanyň kuwwatly pälwan – bäsdeşi bilen tutluşygy beýan edildi.
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň “Galkynyş” at üstündäki milli oýunlar toparynyň çykyşlary hem hemişe bolşy ýaly, ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Balkan welaýaty öz bölümini “Türkmenbalyk” hojalygynyň balyk önümleriniň sergisi bilen açdy. Ýurdumyzyň günbatar sebitiniň döredijilik topary küştdepdiniň owazy astynda deňizden balyk toruny çekýän balykçylary şekillendirdiler. Dehistanyň ýadygärlikleriniň nusgalary hyýalyňda Misserian düzlüginiň tebigatyny janlandyrdy, ol ýerde birwagtlar ajaýyp ýaýla gülläp ösüpdir hem-de gadymy binalar saklanyp galypdyr. Şäherde suw üpjünçilik we lagym ulgamlary, hammamlar, kerpiçden köprüler gurlupdyr.
Zähmetiň, däp-dessurlaryň we rowaýatlaryň bu bahar baýramçylygynda nobat Daşoguz welaýatyna ýetdi. Ýurdumyzyň demirgazyk sebiti özüniň görkezilişini bu künjekde meşhurlyk gazanan ugrundan – ussat hünärmenleriň önümleriniň sergisini görkezmekden başlady. Soňra ähli tomaşaçylary ýörite sahnalaşdyrylan meýdança çagyrdylar. Bu ýerde Törebeg hanymyň meşhur aramgähiniň abadanlaşdyrylyşy olara tomaşa etmäge görnüş bezegi bolup hyzmat etdi. N. Andalyp adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleri bolsa, “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitapdaky kyssanyň inçeden beýan ediliş äheňini çuňdan duýmak bilen sahnada örän köp aýtgylaryň bütin many-mazmunyny gysgajyk parçada şowly goýmagy başardylar.
Soňra baýramçylyk çäreleri Halkara Nowruz baýramynyň Türkmenistanda geçirilýän dabaralaryna gatnaşýan Owganystanyň, Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy), Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Eýranyň wekiliýetiniň agzalary öz ýurtlarynyň Nowruz baýramyny garşylamakda däp-dessurlarynyň aýratynlyklaryny görkezdiler. Olar özboluşly däp-dessurlaryny, halk tanslaryny, milli lybaslaryny, amaly-haşam sungaty we häzirki zaman nakgaşçylyk eserlerini görkezdiler.
Şol gün Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda baýramçylyk konserti geçirildi, milli Liderimiz konsertiň hormatly myhmany boldy. Baýramçylyk konsertine belli estrada aýdymçylary, teatr artistleri, ähli welaýatlaryň aýdym-saz toparlary gatnaşdylar. Soňra milli Liderimiz şol günki dabaralar mynasybetli berlen toý sadakasyna gatnaşdy.