Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz täze ösüşlere we rowaçlyklara beslenýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlar bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hasaplanýan telekeçilikde hem uly ösüşler gazanyldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda hususy telekeçiligiň ösdürilmegine, ýerli önümleriň täze görnüşleriniň döredilmegine, importuň ornuny tutýan önümçilige we eksporty artdyrmaga aýratyn üns berýär.
Şonuň netijesinde, ýurdumyzda hususy pudagyň milli ykdysadyýetdäki paýy 10 ýylyň dowamynda 62 göterime barabar boldy. Türkmenistanda hususy pudagyň netijeli ösdürilmegi üçin köp sanly maksatnamalar, kararlar hem-de kanunçylyk namalary kabul edildi. Bu ugurdaky iň möhüm başlangyç Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmegi boldy. Şeýle başlangyjyň başynda milli Liderimiz dur.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2008-nji ýylyň 17-nji martynda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýaňy-ýakynda özüniň döredilmeginiň 10 ýyllygyny baýram etdi. “Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasy” diýmek bilen, türkmen telekeçilerine uly ynam bildirýän milli Liderimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen duşuşdy we olaryň öňünde strategik maksatlar goýdy. Bu taryhy duşuşykda milli Liderimiz türkmen telekeçilerini goldamak hakynda birnäçe möhüm resminamalara gol çekdi, TSTB-niň zähmetde tapawutlanan işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurdy.
2008–2018-nji ÝYLLARDA TSTB-niň
GAZANAN ÜSTÜNLIKLERI
Geçen on ýylyň dowamynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi iri jemgyýetçilik guramasyna öwrüldi. Bu gurama häzir öz hatarlarynda 20 müňden gowrak hususy telekeçileri birleşdirýär. Ilkinji döredilen ýylynda guramanyň agzalarynyň sany 500-e barabardy.
Hususy pudagyň milli ykdysadyýetdäki paýy 2008-nji ýylda döredilen döwründe 1 göterim bolan bolsa, häzir bu görkeziji 62 göterime deňdir.
Ýurdumyzda hususy kärhanalaryň umumy sany 18 müňden geçýär. Bu kärhanalar 150 müňe golaý adamy iş bilen üpjün edýär.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary milli ykdysadyýetimize 15 milliard 360 million manat möçberde maýa goýumlaryny goýdy.
2012-nji ýylda döredilen Senagatçylar we telekeçiler partiýasy Milli parlamente öz deputatlarynyň üsti bilen wekilçilik edýär.
Häzirki wagtda oba hojalyk azyk önümleriniň 63 göterimi, senagat harytlarynyň hem 60 göterimden gowragy döwlete dahylsyz pudakda öndürilýär. Söwda we hyzmatlar ulgamynda alnyp barylýan işleriň hem 90 göterimden gowragyny telekeçiler ýerine ýetirýärler.
MILLI LIDERIMIZIŇ TÜRKMEN
TELEKEÇILERINE GOLDAWY
Milli Liderimiz türkmen telekeçileri bilen bolan duşuşygynda şu aşakdaky resminamalara gol çekdi. Bu resminamalar hususy pudagy täze ösüşlere iterýär.
Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018–2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklandy.
Türkmenistanyň Merkezi banky Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň üsti bilen TSTB-ä ýyllyk 1 göterim bilen 5 ýyl ýeňillikli döwri bolan 20 ýyl möhlete 2 milliard 400 million amerikan dollaryna çenli möçberde karz berer.
Lebap welaýatynyň Tübigatan kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin bolsa, ýyllyk 3 göterim bilen 4 ýyl ýeňillikli döwri bolan 11 ýyl möhlete 600 million amerikan dollaryna çenli möçberde karz berler.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Türkmenistanda Kiçi we orta telekeçiligi goldamak gaznasyny döretmek boýunça birnäçe teklipleri makullanyldy.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny işewürlik we edara ediş taýdan dolandyrmak Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine tabşyryldy.
Ine, şeýle möhüm wakalaryň yzysüre mart aýynyň 17-18-ine paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 2610 inedördül metr meýdanda energetika we senagat, nebit-himiýa, dokma hem-de halyçylyk, gurluşyk we gurluşyk serişdeleri, binagärlik, ulag, aragatnaşyk hem-de kommunikasiýalar, oba we balyk hojalygy, gaýtadan işleýän hem-de azyk senagaty, bilim, sport, çaphana we seýilgäh bezegçiligi, logistika, söwda hem-de hyzmatlar ulgamlary we beýleki ugurlarda işleýän ýurdumyzyň hususy kompaniýalarynyň 182-den gowragy öz diwarlyklaryny hödürlediler.