Düýn ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi – gowaça ekişe başlandy. Ýurdumyzyň agzybir, zähmetsöýer pagtaçy daýhanlary oba hojalyk pudagynyň möhüm ugry bolan gowaça ekişine guramaçylykly girişdiler. Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 9-njy martda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz ekişiň başlanmagyna ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyzyň buýrugyna laýyklykda, gowaça ekişine Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 23-nji martda girişdiler. 28-nji martda olara Daşoguz welaýatynyň ekerançylary hem goşular.
Halkymyzyň asylly däbine görä, ekişi hormatly ýaşulular başlap berdiler. Olar ata Watanymyzyň, ähli türkmen halkynyň abadançylygyny, hormatly Prezidentimiziň ähli işleriniň rowaçlygyny gudraty güýçli Allatagaladan dileg edip, topraga gowaçanyň ilkinji tohumlaryny atdylar, soňra mehanizatorlar işe girişdiler.
Döwletimiz tarapyndan oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, azyk bolçulygyny üpjün etmekde daýhanlaryň netijeli işlemegi, ene ýerden bol hasyl alyp, halal zähmeti bilen baýamagy üçin zerur şertleriň döredilmegi babadaýhanlaryň zähmet üstünliklerini gazanmagyna giň mümkinçilikler döredýär.
Gowaçanyň saýlama tohumlary ekişe taýýarlanyldy, olaryň orta süýümli we inçe süýümli sortlarynyň 15-e golaý görnüşi bar. Pagtanyň orta süýümli sortlary däp boýunça Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Olaryň hatarynda “149F”, “133”, “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Serdar”, “S-4727”, “Ýolöten-39” sortlary has giňden ekilýär. Pagtanyň inçe süýümli “Ýolöten-14”, “Ýolöten-32” we beýleki sortlary ýurdumyzyň iki welaýatynda – Mary we Ahal welaýatlarynda ösdürilýär. Bu gymmatly ekini ösdürip ýetişdirmek Türkmenistanyň oba hojalygy toplumynyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Geçen ýylda “ak altyn” ussatlary Watan harmanyna 1 million 100 müň tonnadan gowrak pagta tabşyrdylar.
Degişli ulgamda uly möçberli maýa goýumlary bilen berkidilen düýpli özgertmeleriň geçirilmegi, oba hojalyk tehnikalarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikasynyň ulanylmagy netijesinde, oba hojalyk pudagynyň işiniň netijeliligi ýokarlanýar. Pagtaçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, täze döwrebap zawodlaryň gurulmagyna uly üns berilýär. Bu bolsa, milli Liderimiziň ýurdumyzyň oba senagat toplumynyň kuwwatyny artdyrmaga, oba hojalyk önümlerini öndürijileri hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdiren agrar syýasatynyň aýdyň netijesidir.
Bezirgen REJEPOW,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.