zak Gündogardan gözbaş alyp, Günbatarda Ortaýer deňzine çenli uzap gidýän Beýik Ýüpek ýoly Türkmenistanyň çäginde hem birnäçe şäherleriň, galalaryň, kerwensaraýlaryň üstünden geçipdir. Bu bolsa türkmen topragynda ýerleşen şäherleriň ähli taraplaýyn gülläp ösmegine amatly şert döredipdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň baý taryhyny öwrenmäge we ýaş nesillerimize wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.
Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollarynyň köp ugurlary Ýewropany we Aziýany kesip geçip, Ortaýer deňzinden tä Hytaýa çenli baryp, ol gadymy geçmişde we orta asyrlarda söwda gatnaşyklaryny hem-de Günbatar bilen Gündogaryň medeniýetleriniň arabaglanyşygyny üpjün edipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň has köp bölegi Orta Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň çäginden geçipdir. Şol wagtlardan miras galan ençeme taryhy ýadygärlikleriň arasynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren gadymy we orta asyr binagärliginiň merjenleri – Gadymy Nusaý, Köneürgenç we Gadymy Merw ýadygärlikleri bar. Gözleg işleriniň netijesinde gadymy taryh dikeldilýär, dürli etniki jemgyýetleriň döreýşi we ösüşi, ykdysadyýeti, ýaşaýşy, medeniýeti şeýle-de özara medeni täsirleri we halkara hyzmatdaşlygy öwrenilýär.
Türkmenistanyň orta asyr şäherleri diňe bir haryt dolanşygyna, söwdanyň ösmegine däl, eýsem, milli däp-dessurlaryň, alnyp barylýan işleriň we dürli ugurlaryň kämilleşmegine oňyn täsirini ýetiripdir. Orta Aziýanyň, Orta Gündogaryň we Ýewropanyň arasyndaky söwda we medeni gatnaşyklarynyň ösmeginde Horezmiň merkezi şäheri bolan Ürgenç uly ähmiýete eýe bolupdyr. Arap çeşmelerinde harytly kerwenleriň Bulgardan Horezme we yzyna hemişe gatnawda bolandyklary baradaky maglumatlar bar. Taryhy çeşmelerde Sarahs hem söwdanyň ösen ýerleriniň biri hasaplanypdyr. Al-Astahriniň maglumatlaryna görä, Sarahs Merwiň ýarysy ýaly bolup, ol Horasanyň şäherlerinden demirgazyga tarap geçýän kerwenleriň ýük ýazdyrýan ýeri bolupdyr. Söwda şäheri hökmünde Sarahs özüniň däne önümleri bilen belli bolupdyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döredip, dünýä giňişliginde beýik ykrarnama eýe bolan milli gymmatlyklaryna belent sarpa goýulmagy has-da buýsandyryjydyr. Öz döwründe Beýik Ýüpek ýoly Günbataryň we Gündogaryň özara gatnaşygynda uly orny eýeläp, harytlaryň söwdasyna, ylym we bilimleriň, medeni hem-de ruhy gymmatlyklaryň ýaýramagyna uly itergi beripdir. Beýik Ýüpek ýolunyň geçýän ugurlary syýasy ylalaşygyň, özara düşünişmegiň, ykdysady diplomatiýanyň möhüm serişdesi bolupdyr. Eger birmahallar bu ýerden gülläp ösýän şäherleriň arasynda ýerleşen çägelikleriň üstünden kerwen ýollary geçen bolsa, häzirki wagtda bu ýollar ajaýyp awtoulag ýollary hem-de döwrebap demir ýollar, gaz geçirijiler çekmek arkaly gaýtadan dikeldilýär. Türkmenistanyň yklymyň ýollarynyň çatrygynda geografiki taýdan amatly ýerleşmeginiň artykmaçlyklary ýurdumyzda ykdysady gatnaşyklaryň ösmeginde milli ulag serişdelerinden amatly peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Myrat Açilow,
Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň dünýä taryhy
kafedrasynyň mugallymy.