Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz Watanymyz tarapyndan alnyp barylýan oňyn Bitaraplyk syýasaty häzirki zaman şertlerinde täze mana eýe boldy we ol sebitde hem-de ählumumy möçberde özüniň derwaýyslygyny görkezdi. 12-nji martda hormatly Prezidentimiziň halkymyza Ýüzlenmesinde BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde – 2018-nji ýylyň 8-nji martynda Owganystanda halkara tagallalaryny goldamak barada Rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegi bilen hemmämizi gutlap, bu resminamanyň ähmiýetini nygtamagy jemgyýetimizde giň seslenme döretdi.
Merdana halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän parahatçylyk söýüjilik, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri bu gün milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Bu günki günde hoşniýetli Bitaraplyk ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşini, onuň halkara abraýynyň ýokarlanmagyny şertlendirýän syýasy strategiýada öz aýdyň beýanyny tapýar.
Dünýä giňişliginde halkara düzümleri, şol sanda BMG bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Geçen ýylyň fewralynda kabul edilen “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017–2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” Birleşen Milletler Guramasy bilen giň we köpugurly hyzmatdaşlygyň, ozalkysy ýaly, özygtyýarly Türkmenistanyň halkara işiniň strategik ugry bolup galýandygy aýratyn bellenildi.
Biziň ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe mejlislerine wise-başlyklyga saýlanmagy, Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy, Milletler Bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Gahryman Arkadagymyzyň netijeli başlangyçlarynyň, şol sanda dünýä bazarlaryna energiýa serişdelerini geçirijileriň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegini üpjün edýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi we goldanylmagy uly ähmiýete eýedir.
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan kabul edilen Owganystanda halkara tagallalaryny goldamak barada Rezolýusiýa bu sebitde parahatçylykly we durnukly ösüşi üpjün etmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir. Bu Rezolýusiýa Owganystanyň söwda we üstaşyr ugurlardaky sebit gatnaşyklaryna ýardam bermek çärelerini öz içine alýan taslamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşyklydyr. Rezolýusiýada Türkmenistanyň ulag, energetika, hususan-da, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy, Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe (“Lazurit”) üstaşyr geçiriş, söwda we ulag geçelgesi hakyndaky ylalaşyga, Türkmenistandan Owganystana barýan demir ýoluň gurluşygynyň taslamasy ýaly başlangyçlarynyň aýratyn görkezilýändigi buýsandyryjydyr. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň BMG-ä agza ýurtlary bu taslamalara goldaw bermäge resmi esasda çagyrmagy Türkmenistanyň sebitara we sebit derejesinde öňe sürýän başlangyçlarynyň uly ähmiýete eýedigini görkezýär.
Berkarar döwletimizde ulag-aragatnaşyk ulgamy sebitara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Şunda Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan demir ýoly netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň anyk nusgasy bolup durýar. Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisini, Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan demir ýoluny gurmagyň, sebitde “Gündogar–Günbatar” we “Demirgazyk–Günorta” ugurlary boýunça döwrebap ulag-aragatnaşyk düzümini döretmäge gönükdirilen beýleki birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitde durnukly ösüşi pugtalandyrmaga mynasyp goşant bolar. 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) işiniň çäklerinde Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe täze halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekilmegi ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmegine güýçli itergi berer. Bu ýol görkezilen ugur boýunça ýük daşamagyň möçberlerini artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri döreder. Bu ulag geçelgesi şol birwagtyň özünde Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňizleri, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam eder. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz ynsanperwer ulgamda Owganystanyň Hökümeti bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Goňşy döwletiň çäginde durmuş maksatly binalaryň gurluşygynda, ýurdumyzyň lukmançylyk we bilim edaralarynda owgan talyplarynyň bilim almagynda, ynsanperwer ýükleriň yzygiderli ugradylmagynda hem-de beýleki görnüşdäki kömeklerde bu işler aýdyň görünýär.
Dünýä giňişliginde uly goldawa eýe bolýan şeýle oňyn, netijeli başlangyçlar Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Bitarap Watanymyzyň hoşniýetli syýasatynyň anyk işler bilen dabaralanýandygynyň netijesi bolup durýar. BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek ugrunda döwletimiz tarapyndan netijeli tagallalar alnyp barylýar, olar şeýle möhüm resminamalar arkaly goldanylýar. Parahatçylykly ösüşi pugtalandyrmakda nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik bolsun, ähli başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Enejan DIDAROWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.