erurlyk ýagdaýynda ot söndüriji enjamlaryň satyn alynmagynda alyjylaryň köp bölegi aňsat bolmadyk saýlama bilen gabatlaşýarlar. Döwrebap bazarlarymyzda we dükanlarda bu enjamlaryň örän köp görnüşlerine gabat gelmek bolýar. Beýle ýagdaýlardan ýönekeý adamlaryň baş alyp çykmagy örän kyndyr. Ot söndüriji enjamlaryň gabynyň daş ýüzünde ulanyjylar üçin käbir maglumatlar ýazuwyň, suratyň we çyzgylaryň üsti bilen görkezilendir. Olary öndürijiler öz harytlaryny harplar bilen belgileýärler. Agramyna laýyklykda ot söndüriji enjamlar elde göterilýän we hereket etdirilýän görnüşlere bölünýär. Hereket etdirilýän ot söndüriji enjamlar uly göwrümli desgalaryň goralmagy üçin, ýagny ýangyç guýujy beketlerde, uly göwrümli ammarlarda, dükanlarda ulanylýar.
Ot söndüriji enjamlar saýlanylanda, haýsy görnüşli ýangynlaryň söndürilmegi üçin ulanylmagyna niýetlenendigine üns berilmelidir. Ýangynyň görnüşi we derejesi bolsa, olaryň daş ýüzündäki gözükdirijide görkezilýär. Ýangynyň görnüşleri: A – gaty ýanyjy maddalaryň ýanmak görnüşi, B – ýanyjy suwuklyklaryň ýanmak görnüşleri, C – ýanyjy gazlaryň ýanmak görnüşleri, D – ýanyjy metallaryň we düzüminde metal bolan maddalaryň ýanmak görnüşleri, E – elektrik geçirijileriň näsazlygy sebäpli döreýän ýangynyň görnüşleri, elektrik enjamlarynda gysga utgaşmalary, elektrik dugasy, agram düşmeler zerarly uçgunlaryň döremegi, şol sanda elektrik geçirijilerde tehniki ulanyşlarynyň bozulmagy. Şeýle hem bu enjamlaryň doňaklyk howa şertlerinde tehniki taýdan birkemsiz işlemegi üçin, olar saýlanylanda hökmany suratda ulanyş boýunça howa şertlerine durnuklylygyna we olar ulanylanda, çäklendirmelerine üns berilmelidir.
Haýsy ýangyn söndürijiler has gowy? Bular nämä laýyklykda biri-birinden tapawutlanýar? Ot söndüriji enjamlar alnanda, esasanam, onuň düzüw gurluşyna, ýagny onuň maslahat berilýän ot söndüriş görnüşlerine seredilmelidir. Desgalarda ulanylýan ot söndüriji enjamlary talabalaýyk ýagdaýda we ýeterlik mukdarda bolmalydyr. Olar aňsatlyk bilen alnyp bilnäýjek ýerlerden 1,5 metr beýiklikde ýerleşdirilmeli, olar Gün şöhlesiniň düşmeginden, şol sanda gyzgynlyk beriji çeşmelerden goralmalydyr. Ýangyn dörän halatynda, ot söndürijini oduň ýüze çykan ýerine üç metr golaý eltip, plombasy aýrylandan soňra onuň gorag halkasyny çekip sogurmaly we ot söndürijiniň pürküjisini ýanýan oda gönükdirip, gabyndaky açyja basyp, ot söndüriji enjamyny doly iş kadasyna getirmeli.
Mälim bolşy ýaly, emele gelýän ýangynlaryň aglabasy raýatlaryň ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini bozýandyklary zerarly ýüze çykýar. Her bir döräp biljek ýangynlaryň öňüni almak bolar. Munuň üçin bolsa, ilkinji nobatda, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň kadalary doly we dogry berjaý edilmelidir.
Muhammetberdi Geldimyradow,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 100-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň başlygy, içerki
gullugyň podpolkownigi.