Hormatly Prezidentimiz 19-njy martda göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda adam hakynda aladanyň döwletimiziň esasy wezipeleriniň biridigini belläp, düýe süýdüniň tebigy ýagdaýda turşamagynyň netijesinde alynýan süýt turşy önümi bolan düýe çalynyň häsiýetlerine ünsi çekdi. Çalda mikroelementler hem-de ýokumly maddalar köpdür. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, keselleriň öňüni almagyň dürli usullary bilen bir hatarda, bejergi alýanlaryň iýmitiniň sanawyna bejeriş häsiýetli bu içginiň goşulmagynyň göz öňünde tutulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Onuň yzygiderli ulanylmagy zäherleýji maddalaryň hereketini peseldýär, bedeniň garşylygyny ýokarlandyrýar we şuňa meňzeş peýdaly täsirlere eýe bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz düýe çalynyň halk lukmançylygynda giňden ulanylandygyny aýdyp, dürli sökelliklere em bolýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine, şeýle hem welaýatyň häkimine we goranmak ministrine bu babatda, şol sanda düýedarçylyk fermalaryny hem-de çalyň önümçiligi boýunça kärhanalary gurmak babatda degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Ýurdumyzda düýe süýdi esasy düýe çalyny taýýarlamak üçin ulanylýar. Bu çal inçekesel, aşgazan, öýkendir böwrek keselleriniň hem bire-bir emi hasaplanýar. Düýe süýdünden çaldan başga-da agaran, süzme, gurt ýaly süýt turşy önümleri we mesge taýýarlanylýar. Bularyň hemmesi-de adamyň gündelik ýaşaýşynda giňden ulanylýar.
Düýe çaly düýe süýdi turşadylyp alynýar. Çal taýýarlamak üçin täze saglyp alnan düýe süýdi zerurdyr. Süýt içi gorly küýzelere guýulýar. Diňe şondan soňra üstüne 1,5-2 esse köp bolan möçberde suw guýulýar. Şeýlelikde, ýokarda görkezilen goşundylaryň diňe bir garyşdyrylmagy däl, eýsem, onuň kislorod bilen baýlaşdyrylmagy bilen birwagtyň özünde artykmaç kükürt turşuly gazdan azat edilmegi hem gazanylýar. Şol wagt kazein (süýtdäki protein) we köpürjik görnüşli beýleki ýaglar ýokary göterilip, agaran bolup, garyndynyň ýüzüne çykýar.
Düzüminde aýdylanlaryň ujypsyz mukdaryny saklaýan suwy bolsa, çal görnüşinde aşakda galýar. Şondan soňra süýdi öz-özünden gazlandyrmak we turşatmak üçin 4-12 sagatlap 20-25 dereje gyzgynlykda basyrylyp goýulýar. Agaranyň turşulygy ýetende, şeýle hem özüne mahsus ýakymly ysy peýda bolanda çal taýýar diýlip hasap edilýär. Şondan soňra gabyny hiç bir tarapa gozgaman, seresaplyk bilen ýüzüniň agarany alynýar, çal bolsa, şol gabyň içinde galdyrylýar. Şeýlelikde, türkmeniň gadymy we gymmatly süýt turşy önümi, ýagny düýe çaly taýýar bolýar.
Düýe süýdi adamyň bedeniniň berkemeginde bahasyna ýetip bolmajak tebigy içgi hasaplanýar. Onuň düzüminde dürli ýaglar bar. Mysal üçin, onda C we D ýokumly maddalar sygyr süýdündäkiden üç esse köpdür, şoňa görä-de çal köp keselleriň öňüni almakda örän peýdalydyr. Düýe çaly türkmenler tarapyndan diňe bir teşneligiňi gandyrmak üçin ulanylman, eýsem, halk lukmançylygynda dertlileriň derdini dep etmek üçin derde derman hökmünde hem giňden ulanylypdyr.
Kadyr Myradow,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
mugallymy, professor.