Bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen merdana halkymyzyň goja taryhyndaky ruhy gymmatlyklara uly üns berilýär. Olaryň şan-şöhraty gaýtadan dikeldilýär. Türkmeniň iň gadymy beýik gymmatlyklarynyň biri-de Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” atly kitaplarynda waspy ýetirilen ahalteke bedewidir.
Kowsa ýetýän, gaçsa gutulýan türkmen bedewleriniň şan-şöhraty türkmeniň nusgawy edebiýatynda-da, halk döredijiliginiň eserlerinde-de giňden şöhlelendirilipdir. Türkmen edebiýatynyň dürli eserlerinde, aýratynam, halk döredijiliginde gahrymanlaryň batyrgaý hereketleri at bilen berk baglydyr. Mysal üçin, “Görogly” şadessanynda atlar bilen baglanyşykly örän köp wakalar beýan edilýär. Göroglynyň Gyratynyň ömür menzili bu eposda jikme-jik yzarlanyp, onuň hemişe Göroglynyň ýakyn dosty, wepaly ýoldaşy bolandygy diýseň ynandyryjy suratlandyrylýar. Görogly Gyratyna: “Saňa at diýmerin, gardaş diýerin” diýip, çuňňur mähir bilen ýüzlenýär.
Munuň özi atlaryň türkmen üçin aýratyn, üýtgeşik jandar bolandygyna şaýatlyk edýär. Bedewiň keşbi mertligiň, gahrymançylygyň alamatlary hökmünde türkmenleriň däp-dessurlarynda-da, aýdymlarynda-da, hüwdülerinde-de köp duş gelýär. Ahalteke bedewine bolan hormat, söýgi türkmen kalbyna şeýle bir çuňňur siňipdir, ol biziň halkymyzyň döredijiliginiň ähli görnüşlerinde öz aýdyň beýanyny tapypdyr. Altaý dagynyň Pazryk depesinden tapylan gadymy halyda, Nusaýdan tapylan tritonlarda türkmen bedewiniň keşbiniň bardygy, bu wepaly jandaryň merdana halkymyza iň gadymy döwürlerden bäri ýarandygyna güwä geçýändir. Bu täsin bedew baradaky ýazgylara gadymy grek, hytaý taryhçylarynyň ýazgylarynda-da köp duş gelinýär.
Gadymy meşhur grek taryhçysy Plutarhyň “Meşhur grek serkerdeleri” atly kitabynyň “Aleksandr makedonly” atly bölüminde meşhur serkerdäniň kakasy Filipp makedonlynyň Eýrana ýörişi mahalynda oňa horasanly söwdagäriň Nusaýdan getirilen Bussefal atly (türkmen dilindäki ady Bugahal – “buga” öküz, “hal” güýçli diýen manyny berýär) aty berendigi barada gürrüň berilýär. Heniz oňly baş öwredilmedik, taýçanagrak ahalteke bedewine atlanmagy Filipp makedonlynyň ýanyndaky harby serkerdeleriň birem başarmaýar. Muňa diňe Aleksandr hötde gelýär.
Türkmenleriň atly goşunynyň harby mümkinçilikleri barada giden bir ylmy eseri döreden arap geografy al-Jahiz (IХ asyr) şeýle belläpdir: “Eger-de sen türki halklaryň ömrüni we onuň amal eden işlerini içgin öwrenseň, onuň atyň üstünde geçiren günleriniň ýeriň üstünde geçiren günlerinden has kändigine göz ýetirersiň” diýip, ýazmagy hem türkmenleriň durmuşynda atyň tutýan ornunyň uludygyny görkezýär.
Biziň zamanamyzyň 1-nji asyrynda ýaşap geçen gadymyýetiň meşhur jahankeşdesi Strabon: “Nusaý atlary iň iri we gowy atlardyr” diýip tassyklasa, biziň zamanamyzdan ozalky 2-nji asyrda ýaşap geçen gadymy Rim taryhçysy Appiana şeýle ruhlandyryjy setirleri taryhyň gatlarynda galdyrypdyr: “Nusaý atlary öz ähli gözelligi bilen artykmaçdyr. Bu bedewler kuwwatly şalara mynasyp. Olar tüňňi burunly, buýsançly başlaryny belent tutýar we olaryň ýallary howada öwşün atýar” diýip belleýär. Şeýle hem biziň eýýamymyzdan ozalky V asyrda ýaşap geçen grek taryhçysy Gerodot şeýle ýazypdyr: “Bu ajaýyp bedewler Nusaý düzlüginde ýaşaýarlar. Şol sebäpdenem olary “Nusaý atlary” diýip atlandyrýarlar” diýip bellese, ýene bir rimli taryhçy Wegesius Parfiýa atlary barada şeýle ýazgy galdyrypdyr: “Bu atlar ýeňil gopýarlar we ýyndam çapýarlar, diýseň çydamly. Olaryň boýy daýaw, boýny we kellesi owadandyr” diýip ýazýar.
Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň guwanjy hem buýsanjy bolan ajaýyp ahalteke atlarymyzyň at-owazasyny arşa galdyrmak barada döwlet derejesinde alada edip, bu ugurda uly işleri alyp barýar. Döwlet Tugramyzda ahalteke bedewiniň şekiliniň ýerleşdirilmegi, hormatly Prezidentimiziň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynyň dürli dillerde çap edilip, halka gowuşmagy, “Gadamy batly bedew” atly ajaýyp kitabynyň 2017-nji ýylda Russiýa döwletiniň Moskwa şäherinde geçirilen ХХХ halkara kitap sergi-ýarmarkasynda serginiň Baş baýragyny almagy, “Ganatly bedewler” atly kitabynyň hem bu günki gün okyjylarymyzyň söýüp okaýan ýan kitabyna öwrülmegi merdana ata-babalarymyzdan miras galan atşynaslyk sungatyna goýulýan belent sarpanyň, behişdi bedewlerimize bolan çäksiz söýginiň çuňňur beýanydyr.
Gözel paýtagtymyzda “Ýanardag” atly bedewimiziň şanyna täsin heýkeliň bina edilmegi, Olimpiýa şäherçämizde iň belent ýerde ahalteke bedewiniň heýkeliniň oturdylyp, onuň hem ata goýlan uly hormat babatynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, at heýkelleriniň diýarymyzyň ähli künjeklerinde bardygy, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň baýramynyň bellenilip geçilýändigi, şanly toýlarymyzda şagalaň-şowhunly at çapyşyklarynyň guralýandygy ahalteke bedewleriniň merdana halkymyzyň bu belent derejeli ruhy gymmatlyga baky wepalydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Jahan Allaberdiýewa,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgäri.