Türkmenistanda Özbegistan Respublikasynyň Milli senagatynyň sergisi geçirildi. Bu ykdysady gözden geçiriliş çäresi iki goňşy döwletiň Baştutanlarynyň başlangyjy bilen guralyp, biziň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldamagynda Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan sergi iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine uly itergi berer.
Bu çärä gatnaşmak üçin Özbegistanyň köpugurly senagat ulgamyna wekilçilik edýän 70-den gowrak kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň 250 wekilinden ybarat bolan wekilçilikli topar Aşgabada geldi. Bu sergä iri döwlet düzümleriniň hem, goňşy ýurduň hususy kompaniýalarynyň hem gatnaşmagy özbek haryt öndürijileriniň türkmen hyzmatdaşlary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändikleriniň subutnamasydyr.
Köpugurly serginiň meýdançalarynda dag-magdan, metallurgiýa we nebitgaz senagatynda, maşyngurluşygynda, elektrik energetikasynda, dokma we himiýa senagatynda, gurluşyk serişdeleri, durmuş tehnikasy we azyk önümleri, lukmançylyk serişdeleri, söwda ulgamlarynda iş alyp barýan korporasiýalar we kompaniýalar öz diwarlyklaryny guradylar.
Bu ýerde şeýle hem milli awtomobil pudagynyň ýeten sepgitleri, ätiýaçlandyrmagyň dürli görnüşleriniň hyzmatlary ulgamynda mümkinçilikler, şeýle hem özbek halkynyň amaly-haşam sungatynyň, medeniýetiniň özboluşlylygy we täsinligi görkezildi. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň wekilleri, hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem iki ýurduň işewürleri gatnaşdylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşyjylara we myhmanlara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Türkmenistanda goňşy ýurduň ilkinji Milli senagat sergisi özbek öndürijileriniň mümkinçiliklerini görkezmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary alyşmak üçin netijeli meýdança boldy. Gözden geçiriliş hyzmatdaş telekeçileriň işewür işjeňliginiň gerimini giňeltmäge, olaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer.