Täjigistanyň Tursunzade şäherinde sebit hyzmatdaşlygy babatda ähmiýetli bolan taslamanyň gurluşygyna başlandy. Elektrik energiýasyny daşary ýurt bazaryna çykarmaga mümkinçilik berýän “CASA-1000” taslamasyna badalga berildi. Bu dabara gatnaşmak üçin Owganystan Yslam Respublikasynyň Ýerine ýetiriji başlygy Abdulla Abdulla, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammed Nawaz Şarif, Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri Sooronbaý Žeenbekow Täjigistana geldi.
Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon ýokary derejeli myhmanlaryny Duşanbe-Tursunzade gara ýolunyň 47-nji kilometrinde garşy aldy. Bu ýerde taslamanyň düýbi tutuldy. Ýurtlaryň ýolbaşçylary dabaraly ýagdaýda simwolik düwmä basyp, elektrik geçirijisiniň gurluşygyna badalga berdi. Bu ýerde Täjigistanyň energetika we suw serişdeleri ministri Usmonali Usmonzoda myhmanlara elektrik geçirijisiniň geçýän ugry barada maglumat berdi. Dabarada Täjigistanyň Prezidenti, Owganystanyň hökümetiniň Ýerine ýetiriji başlygy, Pakistanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri, Býtindünýä bankynyň Günorta Aziýa boýunça wise-prezidenti Annet Dikson çykyş edip, bu taslamanyň Merkezi Aziýa bilen Günorta Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine goşant goşjakdygyny belledi.
“CASA-1000” taslamasy – Merkezi Aziýa bilen Günorta Aziýa ýurtlarynyň sebit taslamasy, ol Täjigistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Owganystanyň hem-de Pakistanyň elektrik geçirijiler ulgamyny özara birleşdirer. Ol sebitde täze iş orunlarynyň kemala gelmegine, bu ýurtlarda ýaşaýan ilatyň durmuş-ykdysady taýdan hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna oňaýly mümkinçilikler berer. 2009-njy ýylda taslama boýunça tehniki-ykdysady seljeriş işleri tamamlanyp, 2011-nji ýylda söwda ugry boýunça tassyklandy. Ol Täjigistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň tomus möwsüminde öndürýän elektrik energiýasynyň artyp galan bölegini Günorta Aziýa ýurtlaryna ibermäge, iki ýurda girdeji almaga, Owganystan bilen Pakistanyň halkyna hem-de ykdysadyýetine elektrik togy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Bu taslama boýunça maý-sentýabr aýlarynda Owganystan bilen Pakistana 5 milliard KWt/s çenli elektrik ibermek göz öňünde tutulýar. Onuň umumy bahasy 1 milliard dollara barabardyr. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin Täjigistan 320 million dollar, Gyrgyz Respublikasy 209 million dollar, Owganystan 354 million dollar we Pakistan 209 million dollar maýa goýum goýmagy meýilnamalaşdyrýar.
Ilkinji tapgyrda 500 kWt ýokary göterijilikli elektrik geçirijisiniň 477 kilometri gurlar. Soňra Täjigistandan Owganystana, ol ýerdenem Pakistana çenli elektrik geçirijisi çekiler. Onuň umumy uzynlygy 1200 kilometre barabar bolar. Elektrik geçirijisiniň geçýän ugrunda birnäçe kömekçi desgalaryň hem gurulmagy göz öňünde tutulýar.
Günorta Aziýa sebitinde 400 milliona golaý adam bökdençsiz elektrik energiýa serişdelerine mätäçlik çekýär. Şonuň üçin bu sebitde amala aşyrylýan taslamalaryň ähmiýeti uludyr. Owganystanda we Pakistanda elektrik önümçiliginde mazut ulanylýar. Gyrgyz Respublikasy bilen Täjigistan gidroenergiýa çeşmelerine baý ýurtlar. Emma diňe tomus aýlarynda bu ýurtlarda öndürilýän elektrik togy içerki bazary doly üpjün edip, galan bölegini daşary ýurt bazaryna ibermek mümkinçiligi bolýar.