Nähili adamlar ýaşaýar?
Bir gezek bir goja ýakyn Gündogar ýurtlarynyň biriniň girelgesine golaý jülgede oturan eken. Onuň ýanyna bir oglan gelip:
– Men bu ýerde ozal bir saparam bolmadym. Eýsem, bu şäherde nähili adamlar ýaşaýarka?! – diýip sorapdyr. Goja ondan:
– Eýsem, seniň ýaşap gaýdan şäheriňde nähili adamlar ýaşaýardy?! – diýip sorapdyr.
– Olarmy, hondanbärsi, erbet adamlardy. Şoň üçinem ol ýerden gaýtmaga mejbur boldum.
– Sen bu ýerde hem edil şeýle adamlara gabat gelersiň – diýip, goja jogap beripdir.
Köp wagt geçmänkä, başga bir adam bu ýere gelip, şol bir sowal bilen ýüzlenipdir:
– Meň bu ýere ilkinji gelşim. Ýaşuly aýtsaňyzlaň, eýsem, bu şäherde nähili adamlar ýaşaýar?!
Goja oňa şeýle diýipdir:
– Oglum, sen şol ýaşap gaýdan şäheriňdäki adamlaryň nähilidigini aýtsana?
– Olar juda göwnaçyk, myhmansöýer, oňat adamlardy. Dogrusy, ol ýerde meniň köp sanly dostlarym galdy, maňa olardan jyda düşmek ýeňil düşmedi.
– Sen şeýle adamlary bu ýerden hem taparsyň – diýip, goja jogap beripdir.
Şol ýerde düýelerini suwa ýakyp duran täjir bu gürrüňleri eşidip, ikinji ýolagçy ýola düşen badyna goja ýüzlenip, şeýle diýipdir:
– Sen nädip şol bir soraga bütinleý tapawutly jogap bermegi başardyň?
– Oglum, her bir adam ýüreginde öz dünýäsini göterýär. Gaýdan ýerinden gowulyk tapmadyk adam, bu ýerdenem tapyp bilmez. Tersine, beýleki şäherde dostlary bolan, bu ýerden hem has ynamly, ygtybarly dostlary tapar. Çünki biziň töweregimizdäki adamlar biziň olardan tapýan zadymyza öwrülýärler.
Maksatlaryň üçin göreş
Bir sapar ogly kakasynyň ýanyna maslahata gelipdir:
– Kaka, görýän welin, meňki ýene-de ugruna bolanok. Bu türgenleşikler diňe surnukdyrýar, netijeler bolsa, üýtgänok. Göwnüme bolmasa, men futbol üçin ýaradylmadyk ýaly, meniň arzuwlarym bolsa, amala aşjaga meňzänok.
Kakasy ogluna mähir bilen seredip şeýle diýipdir:
– Bilýäňmi, oglum, durmuşda her bir adamyň arzuw-islegleri, maksatlary bolýar. Hut şolar hem bize söýýän işimizi etmäge hyruç berýär, sebäbi ol şeýle hem bolaýmaly. Öz ynanýan, halaýan zadyň üçin göreşmek gerek. Eger şeýle etmeseň, diňe synmak bilen bolarsyň. Bir ýykyldyňmy, onsoň galyp bilmersiň. Ähli zady taşlap, soňuna çenli alyp gitmezlik iň aňsady, çünki ýollar çarkandakly, bizem oňaýsyzlyk bilen öwrenişmedik. Biz ähli zadyň ýeňiljek we dessine bolmagyny isleýäris. Şunlukda, biziň arzuwlarymyz ölýär, maksat bolsa, elýeterden has uzakda galýar. Durmuş kem-kemden manysyz boş bir zada dönýär. Netijede, biz ähli zady unudyp, täzeden başlamagy ýüregimize düwýäris hem-de durmuşymyzy başgaça guramak maksady bilen täze bir güne garaşýarys. Ýöne biziň ýolumyzda täze päsgelçilikler peýda bolýar we biz ýene-de säginýäris. Onsoň bizi öz gowşaklygymyz sebäpli lapykeçlik, sussupeslik we gahar-gazap gurşap alýar. Şonuň üçin hiç haçan boýun synmaly däldigiňi, öňde goýan maksatlaryňa ýetmek üçin göreşmelidigiňi unutmaly dälsiň. Seniň haýsydyr bir bäsleşikde utulanlygyň möhüm däl. Durmuş dowam edýär. Seniň iň uly duşmanyň seniň içiňdäki işýakmazlygyň, gorkyň, şübhäň, ýaýdanjaňlygyňdyr. Öz arzuw-islegleriň esgeri, maksatlaryň serkerdesi bolgun oglum!
Bürgüt
Bürgüt 70 ýyl ýaşaýar, ýöne ol bu ýaşa ýetmek üçin 40 ýaşa baranda çynlakaý, agyr synagy başdan geçirmeli bolýar. Şol ýaşda onuň dyrnaklary bürşüp ýumşaýar, asmanda öz awuny alyp bilmeýär. Onuň uzyndan ýiti çüňkleri sypjyrylyp, burlup ugraýar. Onuň ganatlary tozýar, perlerinde toplanan ýag sebäpli agramy artýar. Ganat kakmagy kynlaşyp ugraýar. Bürgüdiň öňünde iki ýol galýar: ölmeli ýa-da 150 güne çekýän agyra döz gelmeli. Eger-de bürgüt durmuşy saýlap alsa, onda dagyň belentligine göterilip, uçut gaýadaky höwürtgede uzak wagtlap galmaly bolýar. Bürgüt şol ýerde çüňküni tä döwlüp gaçýança gaýa urýar. Onsoň ol täze çüňk çykýança garaşyp, täzesi bilen köne dyrnaklaryny goparýar. Täze dyrnaklary çykyp ugranda, köne ýeleklerini ýolup başlaýar. Şeýlelikde, doly täzeleninden 5 aý geçensoň, ilkinji uçuşyny amala aşyryp, ýene-de 30 ýyl ýaşaýar.
Biz ýaşaýşymyzy dowam etdirmek üçin özümizi özgertmeli bolýarys, käwagt bu ýagdaý ýeňil düşmeýär. Şeýlelikde, geçmişiň ýaramaz ýatlamalaryndan, endiklerinden hem-de goýberen ýalňyşlyklarymyzdan saplanýarys. Diňe geçmişiň gaýgyly ýükünden halas bolmak bize ýaşamaga, durmuşyň hözirini görmäge, gelejege özümizi taýýarlamaga we ynamly garamaga mümkinçilik berýär.
Ýylgyryşyň syry
– Halypa, siz hemişe ýylgyryp gezýärsiňiz, hiç haçan siziň gaýga batyp ýöreniňizi görmedim. Muny hemişe sizden sorajak bolýan, ýöne hiç ugruny tapamok. Eýsem, bu size nädip başardýar?
Goja şeýle jogap beripdir:
– Mundan ençeme ýyl ozal, on ýedi ýaşymdakam çuňňur hasrat bilen halypamyň ýanyna barypdym. Halypam şonda ýetmiş ýaşyndady, ýöne görnüp duran belli bir sebäbi bolmasa-da çalaja ýylgyrýardy. Onuň ýüzünde gaýgy-hasratyň hiç hili alamatlary duýulmaýardy. Men ondan “Bu size nädip başardýar?” diýip sorapdym. Ol bolsa, diňe ýylgyryp oňaýdy. Ol gama ulaşar ýaly hiç bir sebäp görmeýändigini aýdypdy.
Şonda men şeýle netijä gelipdim. Bu diňe meň saýlan ýolum. Her gün irden gözümi açanymda, men şu gün haýsysyny saýlamaly – tukatlanmagymy ýa-da ýylgyrmagy diýip özümden soraýaryn. Şeýlelikde, men hemişe ýylgyrmagy saýlaýaryn.
Wagtyň gymmaty
Hamala, her gün irden siziň hasabyňyza 86 400 manat geçirip, her gije hem günüň dowamynda ulanylman galan serişdeleriňizi doly öçürýän bank bar diýip göz öňüne getireliň. Şonda siz nämeler ederdiňiz? Elbetde, her günde hasabyňyzdan günüň ahyryna çenli soňky teňňäňize çenli baryny alardyňyz. Biziň her birimizde şeýle serişde bar. Her gün irden bank biziň hasabymyza 86 400 sekunt goýýar. Her gije hasabymyzdaky haýsydyr bir gowulyk üçin ulanylmadyk wagtymyzy öçürip goýberýär. Bu bank galan wagty saklamaýar. Her gün bize täze hasap açýar we her gije günüň hasabyny aradan aýyrýar. Eger-de goýumy günüň dowamynda ulanyp bilmesek, onda biz ýitgi çekýäris. Hiç zady yzyna gaýtaryp bolmaýar, hiç zady üýtgedip bolmaýar, galyndylary hem ertire geçirip bolmaýar. Biz diňe şu günki günüň hakyky goýumy bilen ýaşap bilýäris. Şonuň üçin wagty, mümkingadar, saglyga, bagtyýarlyga we üstünlige has köpräk sarp etmeli. Wagt geçýär. Şoňa görä, ony günüň dowamynda netijeli ulanalyň. Hakykatda, wagtyň bahasyny duýup, aňyp bolýar. Islendik talyp ýyllyk synaglaryny tabşyrýarka okuw ýylynyň, islendik ene dogran çagasynyň birinji aýynyň, islendik aşyk öz magşugy bilen görüşmek üçin garaşan bir sagadynyň, otludan gijä galan islendik ýolagçy bir minutynyň, hassahanada ýatan islendik adam bir sekundynyň, islendik çempion sekundyň ýüzden bir böleginiň näderejede gymmatlydygyny oňat bilýän bolsa gerek.
Wagt hiç kime garaşmaýar. Şoňa görä, wagtyň her bir pursadyny arzylamagy öwrenmegimiz gerek. Wagt – öwezini dolduryp bolmaýan gymmatlykdyr. Düýn eýýäm taryh, ertir syr, şu gün bolsa, peşgeşdir.
Bulkajyk
Är-aýal otuz ýyllap bilelikde ýaşaýan eken. Bilelikdäki ýaşaýşynyň 30 ýyllygy güni aýaly däp bolup gelşi ýaly, säher bilen bulka bişiripdir. Ol ertirlik naharynda ony keseligine kesip, ikisiniňem ýüzüne mesge çalypdyr. Ol bulkanyň üst tarapyny adamsyna uzatmakçy bolanda, bir zat ýadyna düşen ýaly, birden saklanypdyr. Ol öz ýanyndan: “Men otuz ýyllyk bilelikdäki ýaşaýşymyzyň şu gününde bulkajygyň gyzaranja ýerini özüm iýesim gelýär. Galyberse-de, men onuň 30 ýyllap ynamly, oňat söýgüli aýaly boldum, ony ogully-gyzly etdim. Hojalygy ýöretdim, maşgalamyň abatlygy üçin janymy gaýgyrmadym” diýip, öz ýanyndan pikir ýöredipdir.
Ol şeýle karara gelip, bulkajygyň aşaky bölegini adamsyna uzadýar, 30 ýyl dowam edip gelýän düzgüni bozanlygy üçin hem elleri titräp ugrapdyr. Adamsy bolsa, bulkajygy alyp, şeýle diýipdir:
– Ezizim, sen şu gün maňa bahasyna ýetip bolmajak sowgat etdiň. Men 30 ýyllap, özümiň iň gowy görýän zadymy – bulkanyň aşaky bölejigini iýmedim. Sebäbi ol düzgün boýunça saňa degişlidir öýdýärdim.
Bilbil
Bir amerikaly öz indeý dosty bilen Nýu Ýorkuň köçeleriniň birinden barýan eken. Birdenem, indeý duýdansyz:
– Men bilbiliň saýraýan sesini eşidýän – diýip gygyrypdyr. Amerikaly şäheriň adamdan doly merkezi köçesine ser salyp:
– Sen akylyňdan azaşypsyň öýdýän – diýipdir. Şol wagt ähli ýerde awtoulaglar hereket edýärdi, adamlaryň galmagaly köçäni gaplap alypdy.
– Ýöne, hakykatdan hem, men bilbiliň saýraýan sesini eşidýän – diýip, indeý öz diýenini tutupdyr hem-de haýsydyr bir edaranyň öňündäki açylyp oturan gülleriň üstüne eglipdir. Ol ösümlikleriň ýapraklarynyň arasyny açyşdyryp, öz dostuna ol ýerde geň-enaýy saýrap oturan bir bilbili görkezipdir.
– Geň galaýmaly – diýip, dosty seslenipdir.
– Seniň gulagyň gaty ýiti öýdýän.
– Ýok. Ähli zat seniň meýilleriň nämä gönükdirilenliginde – diýip, indeý düşündiripdir. Indi senem ony eşidip bilersiň. Dostlar güllerden uzaklaşypdyrlar.
– Geň galaýmaly! Indi menem bilbiliň saýraýşyny aýdyň eşidýärin – diýip, amerikaly geňirgenipdir.
Ýagşylygyň parçalary
Bir maşgala dynç alyş gününi deňiz kenarynda geçiripdir. Çagalar deňizde suwa düşüpdirler hem-de çägeden geň-enaýy jaýjagazlary ýasapdyrlar. Birdenem, uzakdan bir garry kempiriň garasy görnüpdir.
Onuň çal saçlary ýele ykjap, egin-eşiklerem köne, ýyrtyk-irikdi. Ol öz ýanyndan hümürdäp, käwagt aşak eglip, ýerden bir zatlar alyp, torbasyna oklaýardy. Ene-atalary çagalaryny ýanyna çagyryp, bu gelýän garrydan gaçarak durmagy tabşyrypdyrlar. Ol çagalaryň golaýyndan geçip barýarka, ýerden zat çöpläp barşyna olara garap, ýylgyrypdyr, ýöne onuň ýylgyryşyna hiç kim üns bermändir.
Soň bir gün olar bu garry kempiriň, çagalaryň aýagyny gyýaýmasyn diýip, hemişe deňziň kenaryndaky çüýşe gyýçaklaryny çöpleýändigini bilip galypdyrlar.
Terjime eden Ýegenmämmet Taýlyýew,
“Zaman-Türkmenistan”.