Milli ykdysadyýetimizdäki 2018-nji ýylyň birinji çärýeginiň makroykdysady görkezijileri hem muňa aýdyň subutnama bolup durýar. Bu görkezijiler hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde mälim edildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary öz gözegçilik edýän ugurlary boýunça ýylyň 3 aýynda edilen işler barada hasabat bilen çykyş etdiler. Şeýle hem mejlisde welaýatlaryň häkimleriniň we ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi.
Hasabatlardan görnüşi ýaly, 2018-nji ýylyň birinji çärýeginde jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim boldy. Şol sanda senagat toplumynda 4,6 göterim, ulag-aragatnaşyk ulgamynda 10,5 göterim, söwdada 7,6 göterim, oba hojalygynda 3,2 göterim, hyzmatlar ulgamynda 10,1 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, jemi öndürilen önüm 4,1 göterim ýokarlandy. Üç aýyň jemi boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 18,2 göterim artdy. Sarp ediş harytlarynyň bahasy hem-de ilata edilýän hyzmatlaryň jemleýji görkezijisi durnukly saklandy. Birinji çärýekde önümleriň eksport edilişiniň möçberi geçen ýyldaka garanyňda, 14,2 göterim ýokarlandy.
Habar berlişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berlip, ýanwar-mart aýlarynyň görkezijilerine laýyklykda, 394,1 million manat möçberinde maýa goýumy özleşdirildi.
Hasabat döwründe orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry, dersler boýunça bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Ýanwar-mart aýlarynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara ders we taslama bäsleşiklerine gatnaşyp, 8 medala-2 kümüş, 6 bürünç medala, internet bäsleşiklerinde 2467 sany dürli derejeli diplomlara mynasyp boldular.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 4 kümüş we 3 bürünç – jemi 7 medal gazandylar. Halkara internet ders bäsleşiklerinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplary jemi 41 sany baýrakly orunlara, şol sanda – 14 altyn, 11 kümüş, 16 bürünç medala hem-de dürli derejedäki diplomlara mynasyp boldular. Hasabat döwründe okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň golýazmalarynyň 145-si taýýarlanyldy we çapa iberildi. Olardan 35-si neşir edildi.
Saglygy goraýyş ulgamy barada aýdylanda, Türkmenistanyň raýatlarynyň 78,4 göterimi döwlet meýletin lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy boýunça şertnamalary baglaşdy. Ondan gelip gowuşýan serişdeleriň ösüş depgini 116 göterime, ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we ýerlenen önümleriň möçberleri hem 116 göterime, şypahana edaralarynda ýerine ýetirilen hyzmatlardan alnan girdeji bolsa, 109 göterime deň boldy.
Türkmenistanda 2011 – 2020-nji ýyllarda bedenterbiýä we sporta goldaw bermek hem-de ony ösdürmek boýunça Milli maksatnamany ýerine ýetirmegiň barşy barada hasabat berildi. Hasabat döwründe içerki ýaryşlaryň 54-si, köpçülikleýin sport çäreleriniň 25-si geçirildi. Türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryň 23-sine gatnaşyp, 61 medal eýelediler. Olaryň 18-si altyn, 15-si kümüş we 28-si bürünç medallardyr.
Şu ýylyň üç aýynda medeniýet we köpçülikleýin habar beriş ulgamlarynda alnyp barlan işleriň jemleri, şeýle hem “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahata we festiwala görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.
Hasabat döwründe dürli çäreler, şol sanda döredijilik duşuşyklary, ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, bäsleşikler, baýramçylyklara we şanly wakalara bagyşlanan sahnalaşdyrylan çykyşlar, aýdym-sazly dabaralar guraldy, 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly şygaryna laýyklykda beýleki çäreler geçirildi.
Şu ýylyň 18-19-njy aprelinde Aşgabatda “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahaty we festiwaly geçiriler. Bu foruma gatnaşmaga birnäçe daşary ýurt döwletlerinden medeniýet we sungat işgärleri isleg bildirdiler. Forumyň çäklerinde ylmy maslahaty, konsertleri, daşary ýurtly hünärmenleriň ýurdumyzyň ugurdaş okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda ussatlyk sapaklary meýilleşdirildi.
Ýylyň başyndan bäri milli Liderimiziň daşary ýurtlara bolan saparlarynyň hem-de daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza saparlarynyň netijeleri parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan bu oňyn strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen dürli derejedäki wekiliýetleriň jemi 151-si ýurdumyza sapar bilen geldi. Şol birwagtyň özünde Türkmenistandan daşary ýurtlara 157 wekiliýet gitdi. Ýurdumyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dürli derejedäki çäreleriň 64-si geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlaşmalar yzygiderli geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde oňa gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, mejlisde döwlet meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň netijelerini jemledi hem-de ýakyn geljek üçin ilkinji derejeli wezipeleri kesgitledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu ýylyň birinji çärýeginde amala aşyrylan işleriň netijeleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini görkezýär. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejesinde durnukly saklanyp gelýär.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň netijesinde, biz eksport edilýän önümleriň möçberini 14,2 göterim artdyrdyk. Import edilýän harytlaryň möçberini bolsa, 40 göterim diýen ýaly azaltdyk. Zähmet haklarynyň möçberi hem 9,3 göterim köpeldi diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 42 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 1600-den gowrak iri desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Bu desgalaryň 99 göterime golaýynyň gurluşygyny öz kärhanalarymyz alyp barýar. Birinji çärýekde biz gurlup, ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan ähli senagat we durmuş maksatly desgalary işe girizdik.
Biz hususy telekeçiligi ösdürmäge goldaw bermegi, ýurdumyzyň telekeçilerini ykdysadyýetimizde geçirilýän özgertmeleri amala aşyrmaga giňden çekmegi dowam edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şu işleriň netijesinde, birinji çärýekde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, täze hususy kärhanalaryň sany köpeldi. Umuman alnanda, jemi içerki önümiň düzüminde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudaklarynyň paýy artdy we häzirki döwürde ol 63,1 göterime barabardyr.
Hormatly Prezidentimiz ähli ýolbaşçylara ýüzlenip, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary, hususan-da, daşary ýurt firmalary bilen bilelikde döretmegi dowam etmelidigini, eksport edilýän harytlaryň möçberiniň artdyrmalydygyny belledi.
Ýurdumyzda ýerasty baýlyklar köp. Şol baýlyklary ýokary depginler bilen işläp geçmeli we senagat dolanyşygyna girizmeli. Bu işlere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini giňden çekmeli. Şeýle kärhanalar üçin belli bir derejede ýeňillikleri döretmeli. Biz nebitgaz toplumyna we oba hojalygyna aýratyn üns bermelidiris. Bu pudaklaryň işini kadalaşdyrmak üçin, işiň täze görnüşlerini gözlemelidiris.
Soňra hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýakyn wagtda köp sanly medeni çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şol çäreleriň hatarynda Türkmen bedewiniň baýramyny, Ýeňiş gününi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi, Aşgabat şäheriniň gününi, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi, halkara maslahatlaryny we birnäçe beýleki çäreleri görkezmek bolar. Bu baýramçylyklara gowy taýýarlyk görüp, olary ýokary derejede guramaçylykly geçirmeli – diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikler, Garaşsyz Watanymyzyň ähli halkyna bolsa, “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.