Gyjak we skripka ýaly kemençe bilen süýkelip çalynýan saz gurallary irki döwürlerden bäri ulanylypdyr. Bu saz gurallarynyň çirtilip çalynýan saz gurallaryndan has öň peýda bolandygy aýdylýar. Kemençäniň dörän ýeri Hindistan hasaplanýar. Kemençeli saz gurallarynyň, soňlugy bilen, parslara, araplara, Demirgazyk Afrikanyň halklaryna, VIII asyrlarda Ýewropa geçendigi çaklanylýar. Skripka we gyjakdan başga-da kemençeli saz gurallary Bolgariýada, Şwesiýada, Germaniýada, Ermenistanda, Gruziýada, Azerbaýjanda, Türkiýede, Eýranda, Hytaýda, Mongoliýada we dünýäniň beýleki birnäçe ýurdunda ulanylýar. Nusgawy saz döreden ähli kompozitorlar kemençeli saz gurallaryndan peýdalanypdyr. Bu saz gurallarynyň has çylşyrymly görnüşleri XVI asyrdan soňra peýda bolup başlaýar. Şol döwürler wiola, soňlugy bilen skripka saz guraly has hem kämil görnüşe getirilýär. Wiolalar her dürli ölçegde bolup, sazandalar ony çalanlarynda dürli ýerlerde – dyzyň aralygynda ýa-da üstünde saklap, oturgyjyň üstünde ýa-da dik durup çalypdyrlar. Göräýmäge wiolalar skripka çalym edýärler. Wiolanyň kirişleri 6, kähalatlarda bolsa 7 ýa-da 5 bolýar. Skripkanyňky ýaly 4 kirişli görnüşi hem seýrek ýagdaýda duş gelýär. Skripka XV asyryň ahyrlarynda we XVI asyryň başlarynda giňden ýaýrap başlaýar. XVI asyrda ýaşap geçen italiýaly Gasparo Bertolotti skripka saz guralynyň häzirki görnüşini döredipdir. Ol beýleki kirişli saz gurallaryny hem kämilleşdiripdir. Onuň şägirdi Jowanni Paolo Madžini özüniň ussaçylyk mekdebini-de açypdyr. Antonio Stradiwari, Nikkolo Amati we Juzeppe Gwarneri skripka ussalary hökmünde taryhda yz galdyrypdyrlar.
Belli bir ýaşa ýetensoň, çagalara beýleki saz gurallary bilen bir hatarda kemençeli saz gurallaryny çalmagy öwrenmek aňsat bolmaýar. Şol sebäpli ýiti ukyp talap edýän saz gurallaryny çalmagy öwrenmäge has kiçi ýaşda girişmeli.