Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýar. Halkymyz Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda toýlary toýlara, üstünlikleri üstünliklere beslenýän ýurdumyzda ýene-de ählihalk baýramy – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi giňden hem-de dabaraly ýagdaýda belläp geçdi. Bu baýramçylyk türkmen halkynyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň baýramydyr.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhyna giren şanly seneleriň biri hökmünde giňden bellenilýän bu baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeginde uly ruhubelentlik we joşgunly ýagdaýda bellendi. Paýtagtymyz Aşgabatda goşa baýramyň şanyna geçirilen dabaralara hormatly Prezidentimiz gatnaşdy. Milli Liderimiz Konstitusiýa binasyna we Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdy. Goşa baýramçylygyň dabarasyna ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly işewürler, jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzyň zähmetkeşler toparlarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, medeniýet we sungat işgärleri işjeň gatnaşdy.
Milli Liderimiz özygtyýarly Türkmenistanyň döwlet esaslarynyň mizemezligini, gadymdan gözbaş alýan demokratik sütünlerini we halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk däplerini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna gül çemenini goýdy. Soňra Konstitusiýa binasyna Türkmenistanyň hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň işewürleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri we talyp ýaşlar ter gül desselerini goýdular.
Milli Liderimiziň baýramçylyk mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, häzirki döwürde Esasy Kanunymyzy dünýä ölçeglerine, döwrüň talabyna laýyk getirmek wezipeleri hem tapgyrma-tapgyr amala aşyrylýar, milli kanunçylygymyzyň binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasy gelip gowuşýan teklipleri nazara alnyp, 2016-njy ýylda geçiriljek Ýaşulularyň maslahatynyň garamagyna hödürlener.
Şeýle hem baýramçylyk güni beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýän seýil bagynda-da gül goýmak dabarasy geçirildi. Bu ýerde türkmen şahyrynyň ýadygärligi ýerleşýär. Hormatly Prezidentimiz akyldar şahyrymyzyň mertliginiň we şahyrana zehininiň öňünde tagzym edip, ajaýyp gül çemenini goýdy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününiň Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabat gelmegi her bir raýat üçin mukaddes bolan parahatçylyk, adalat, agzybirlik we döwletlilik ýaly düşünjeleriň belent mazmuna eýediginiň alamatydyr. Ýadygärligiň etegindäki gül çemenler milletiň beýik ogluna halkymyzyň çäksiz söýgüsini we hormatyny alamatlandyrdy. Bu seýilgäh indi ençeme ýyldan bäri Aşgabadyň medeniýet we sungat işgärleriniň däbe öwrülen duşuşyklarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Ählihalk baýramçylygy mynasybetli Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabaralary ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezlerinde hem boldy. Türkmen halkynyň ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulan, milli häsiýetine gabat gelýän ajaýyp baýrama Türkmenistanyň sungat ussatlary hem döredijilik işlerini, zehinini we ylhamyny bagyşladylar. Ajaýyp baýramçylykda köpsanly döredijilik duşuşyklary we şahyrana agşamlar geçirildi.
Sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen dabaralaryň esasysy boldy. Paýtagtymyzyň Maslahat köşgündäki dabara ýurdumyzyň iň ussat ýerine ýetirijileri, aýdym-saz, tans we folklor toparlary gatnaşdylar. Olar döredijilik joşguny hem-de ruhubelentlik bilen milli aýdym-sazlarymyzy we tanslarymyzy ýerine ýetirdiler. Ähli çykyşlar milli sungatyň iň gowy däpleriniň yzygiderliligi bilen birleşdi. Onuň maksatnamasyna öz döredijiliginde umumadamzat maksatlaryny we gymmatlyklaryny beýan eden beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlar sazlaşykly goşuldy. Asyrlaryň içinden türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny alyp gelen etnografik çykyşlar, söýgi aýdymlary, aýdym-sazly tanslar konsertiň bezegine öwrüldi. Olarda beýik söz ussadynyň şahyrana zehini bilen döredilen keşpler beýanyny tapdy.
Asylly däbe görä, baýramçylyk konsertiniň ahyrynda gadymy “Küştdepdi” tansy ýerine ýetirildi. Milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolan bu ajaýyp tans biziň günlerimizde täze mazmun bilen baýlaşýar. Munuň şeýledigini ony ýerine ýetirijiler – Balkan welaýatynyň “Dagdan” folklor topary hem-de sahnada ýaýbaňlanan owadan görnüşlere üýtgeşik ajaýyp äheň we depgin goşan çagalar tans topary ussatlyk bilen görkezdi.
Konsertiň örän täsirli jemlenmesi hökmünde “Pyragynyň arzuwlan zamany geldi” diýen watançylyk aýdymy ýaňlandy. Aýdymçylaryň hem-de Türkmenistanyň döwlet horunyň ýerine ýetiren bu aýdymyny dabara gatnaşyjylar joşgun bilen alyp göterdiler. Bu aýdym şöhratly ata-babalarymyzyň parahatçylyk, abadançylyk, halkymyzyň agzybirligi, azat we gülläp ösýän döwlet baradaky arzuwlarynyň hasyl bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni dabaralandyrdy.
Bu gün Garaşsyz Watanymyzy, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, mähriban topragymyzyň gözelligini hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň dörediji güýjüni wasp edýän ajaýyp aýdymlar belentden ýaňlandy.
«Zaman–Türkmenistan».