2016-njy ýylyň 13-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda” atly Kararnamasyny ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda dabara geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara deňiz guramasynyň (HDG) Deňiz howpsuzlygy komitetiniň 96-njy mejlisiniň çäklerinde “Transmilli ulag üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça Türkmenistanyň başlangyçlary” atly tanyşdyrylyş çäresini geçirdi.
Bu çärede ýurdumyzyň Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça ulag geçelgelerini döretmek babatda durmuşa geçirilýän taslamalary, köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleri hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri we ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berildi.
Çärä gatnaşan “International Mobile Satellite Organization” (IMSО) guramasynyň Baş direktory Moin Ahmed öz ýolbaşçylyk edýän edarasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga uly üns berýändigini belläp, köpugurly ulag geçelgelerinde hereket howpsuzlygyny üpjün etmekde IMSO guramasynyň alyp barýan işiniň hem möhüm orna eýedigini belledi. HDG-niň Tehniki hyzmatdaşlyk bölüminiň Gündogar Yewropa we GDA-a agza ýurtlar boýunça ýolbaşçysy Iwaýlo Walew bu tanyşdyrylyş dabarasynyň Türkmenistan tarapyndan guramanyň çäklerinde geçirýän ilkinji çäredigini belläp, geljekde bu ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny beýan etdi.
Halkara deňiz guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň biri hasaplanýar. Ştab-kwartirasy London şäherinde ýerleşýän bu gurama gämi boýunça halkara söwda meseleleri bilen gyzyklanýar. Gurama 1959-njy ýylda döredildi.
Türkmenistan Hazar deňzi boýunça Azerbaýjan, Russiýa Federasiýasy, Gazagystan we Eýran bilen serhetleşýär. Bu ugurda sebit derejesinde ulag-üstaşyr taslamalary has-da işjeňleşdi. Hazar deňzi bilen Ýewropanyň ençeme ýurtlary, Hindistan we Pakistan hem-de Hindi ummany basseýnindäki döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmäge giň mümkinçilik bar.