Häzirki wagtda Ýer togalagynyň ýaşaýjylarynyň 55 göterimi şäherlerde ýaşaýar. 2030-njy ýyla çenli şäherde ýaşaýanlaryň paýy, esasan hem, Afrikanyň we Aziýanyň urbanizasiýa prosesiniň hasabyna ýene-de bäş göterim artar. Şu we beýleki meseleler 9-13-nji aprel aralygynda BMG-niň Nýu Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçirilen mejlisde guramanyň Ýurduň ilaty we ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalary tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. BMG-niň Baş sekretarynyň garamagyna hödürlenen komissiýanyň beýanatynda has köp şäherleriň Demirgazyk Amerikadadygy bellenip geçilýär. Ol ýerde şäherliler ilatyň 82 göterimini eýeleýär. Şäherli ýaşaýjylaryň iň az yklymy Afrika we Aziýa bolup durýar. 2030-njy ýyla çenli Afrikanyň ilatynyň 47 göterimi, Aziýanyň ilatynyň hem 56 göterimi şäherlerde ýaşarlar. Şol döwre çenli Ýewropada şäherlileriň paýy 77 göterime deň bolar.
Ilatyň sanynyň artmagy bilen şäherleriň sany hem artýar. Çaklamalara görä, 2030-njy ýyla çenli dünýäde ilaty 10 milliondan geçýän 40 sany şäher bolar. Şu günki günde olaryň sany 33-e ýetýär. 1990-njy ýyllara çenli şeýle şäherleriň 10-sy bardy. BMG-niň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Amina Muhammediň bellemegine görä, häzirki wagtda ilatyň giň gerimli göçüşi okgunly ösýär. Şu günki günde 33 şäheriň 18-sinde azyndan, 20 göterim ýaşaýjy halkara migrantlary bolup durýar. 1990-njy ýyldan başlap, dünýäde halkara migrantlarynyň sany 105 million adama çenli artdy, ýagny 69 göterime deň boldy, 2017-nji ýylda bolsa, 258 milliona ýetdi.
BMG-niň Ýurduň ilaty we ösüşi boýunça komissiýasy 1946-njy ýylda esaslandyrylypdyr.
Maýa Saparowa,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.