Alym­lar soň­ky 200 ýyl­da An­tark­ti­ka ýag­ýan ga­ryň 10 gö­te­rim kö­pe­len­di­gi­ni anyk­la­dy­lar. Ýe­riň Gü­nor­ta pol­ýu­sy­na 2001-2010-njy ýyl­lar­da ýa­gan ga­ryň möç­be­ri 1801-1810-njy ýyl­lar­da­ky­dan 272 mil­liard ton­na köp bo­lup­dyr. Bu ar­tyş Öli deň­ziniň suw muk­da­ry­nyň iki es­se­si­ne, ýa-da Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň meý­da­ny­ny tu­tuş­ly­gy­na gap­lan­ma­gy­na ba­ra­bar. Dok­tor Liz To­mas yl­my bar­la­gyň ne­ti­je­le­ri­ni We­na­da bu ug­ra ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len ýyg­nak­da mä­lim et­di. An­tark­ti­ka bar­lag­la­ry­ny alyp bar­ýan dok­tor To­mas bu işiň bu­zuň ýit­gi­si­ni öl­çe­mek we ma­te­ri­gi has çuň­ňur öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len edi­len­di­gi­ni aýd­ýar. Ol soň­ky ýyl­lar­da ün­süň Pal­ma ada­syn­da­ky we Tueýts buz­lu­gyn­da­ky iri aýs­berg­le­riň bö­lün­me­gi­ne gö­nü­gen­di­gi­ni, em­ma ga­ryň aşa köp ýag­ma­gy ze­rar­ly üýt­geş­me­ler bi­len bag­ly do­ly we dog­ry mag­lu­mat­la­ryň ýe­ter­lik däl­di­gi­ni aýt­dy. Yl­my-bar­lag to­pa­ry An­tark­ti­ka­dan si­lindr gör­nüş­li 79 buz bö­le­gi­ni çy­kar­dy­ we onuň dü­zü­mi­ni bar­la­dy­lar. Ol ýyl­la­ryň do­wa­myn­da gy­sy­lyp ga­lan gar gat­lak­la­ry­ny öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di. Buz bö­lek­le­ri di­ňe bir ga­ryň ha­çan ýa­gan­dy­gy­ny däl, şol bir­wag­tyň özün­de nä­çe­räk ýa­gan­dy­gy­ny hem anyk­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mun­dan ozal­ky ge­çi­ri­len bar­lag­da 16 buz bö­le­gi bar­la­nyp­dy.
Yl­my-bar­lag­lar An­tark­ti­ka ýa­rym ada­syn­da has köp ga­ryň ýa­gan­dy­gy­ny, bu ýe­riň ma­ýyl­gan­ly­gyň tä­si­ri­niň has köp du­ý­lan ýe­ri­di­gi­ni gör­kez­ýär. Dok­tor To­mas se­bit­de ho­wa­nyň maý­la­ma­gy­nyň at­mos­fe­ra­nyň has köp çyg­ly­gy sak­la­ýan­dy­gy­ny, mu­nuň bol­sa, ýa­gy­nyň köp ýag­ma­gy­na ge­tir­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär.