Häzirki wagtda ýol hereketinde elektroulaglar azda-kände peýda bolan hem bolsa, olaryň zarýadynyň uzak aralyga ýetmeýänligi sebäpli şäherara ýollarda ulanmak üçin entek amatly hasaplanmaýar. Uzak aralyga niýetlenen, üstüne Gün paneli ýerleşdirilen elektroulaglaryň taslamasy bar hem bolsa, olaryň Gün panelleri az mukdarda elektrik energiýasyny öndürip bilýär. Bu Gün panelleri ulagyň barmaly menzilini örän az mukdarda uzaldyp bilýär. 2019-njy ýylda satuwa çykarylmagyna garaşylýan “Lightyear One” atly elektroulag baýraga mynasyp boldy. Bilermenler häzirki tehnologiýanyň ulaglaryň üstüne oturdylan panelden energiýa alyp, o diýen uzak aralyga gidip biljek derejede ösmändigini belleýärler. Elektroulag önümçiliginde öňdebaryjy kompaniýa hasaplanýan “Toyota”-nyň “Prius” modeliniň üstüne ýerleşdirilen panel onuň barjak ýerini bary-ýogy 6 km uzaltmaga mümkinçilik beripdi. Şol sebäpli daşky gurşawa zyýansyz, emma uzak aralyga gitmäge ukyply ulag hökmünde ýangyjyň iki görnüşi bilen işleýän gibrid ulaglaryň birnäçe modeli hödürlenipdi.
Ilkinji nobatda, 10 sanysy satuwa çykaryljak “Lightyear One” bolsa, Gün şöhlesinden has netijeli peýdalanar. Bu bolsa Gün energiýasy bilen goldanylýan elektroulag (SAEV) düşünjesiniň döremegine getirdi. Ýagny adaty elektroulagyň üstündäki panel ulagyň baryp biljek ýerini birnäçe ýüz kilometre çenli artdyrar.
Şeýle taslamalar beýleki ulag serişdelerinde hem ulanylýar. Geçen ýyl “Byron Bay” kompaniýasy dolulygyna Gün panellerinden alnan energiýa arkaly işleýän ilkinji otlyny öndüripdi. Onuň geçýän aralygy o diýen köp bolmasa-da, bu ugurda nämeleriň edilip boljakdygyny görkezmek üçin uly ädim hasaplanýar.