“Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän 2018-nji ýylyň her bir aýy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň senenamasyna täze sahypalary ýazyp, iri jemgyýetçilik-syýasy wakalaryna baý bolýar. Bu ýyla bagyşlanyp, taýýarlanan medeni-köpçülik çäreleriniň maksatnamasynyň çäklerinde taryhy ýerlerimizi we milli mirasymyzy wagyz etmek babatda köp işler alnyp barylýar. Olaryň hatarynda “Arkadagyň gurduran polat ýollary – beýik döwrümiziň ýüpek ýollary” atly wagyz-nesihat çäresini görkezmek bolar. Bu ýurdumyzyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň wekilleriniň ikinji gezek guraýan wagyz-nesihat saparydyr. Onuň guramaçylary bolup, Demir ýol ulaglary, Medeniýet we Bilim ministrlikleri, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Ylymlar akademiýasy, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Aşgabat şäheriniň hem-de Balkan welaýatynyň häkimlikleri çykyş etdiler.
Türkmen topragynda saklanyp galan arheologik we binagärlik ýadygärlikleri biziň döwürdeşlerimize we nesillerimize köp zatlar barada gürrüň bermäge mümkinçilik döredýär. Şol ýadygärlikleriň köpüsi gadymy söwda ýollarynyň ugrunda gaýnap joşan durmuşyň şaýatlary bolupdyr. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen halkyna Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmeginde we işjeň hereket etmeginde esasy orunlaryň biri degişlidir.
Hakykatdan hem, çäk taýdan amatly ýerleşýän türkmen topragy Gündogar we Günbatar dünýäsiniň arasynda esasy köprä öwrüldi. Biziň çägimizden Aziýanyň we Ýewropanyň siwilizasiýasynyň arasynda möhüm ýollar geçipdir. Olaryň ählisi onlarça taryhy şäherler, ýüzlerçe desgalar we müňlerçe gymmatlyklar görnüşinde öçmejek yz galdyrypdyr. Nusaý, Abiwerd, Sarahs, Merw, Dehistan, Köneürgenç, Amul ýaly gadymy türkmen şäherleriniň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoly olaryň iri söwda we senetçilik merkezlerine öwrülmegine getiripdir.
ÝUNESKO-nyň ýanynda döredilen Ýadygärlikleri we ajaýyp ýerleri goramak meseleleri boýunça Halkara geňeşiň Assambleýasy (IKOMOS) 35 ýyl mundan ozal, 18-nji apreli Ýadygärlikleri we taryhy ýerleri goramagyň halkara güni diýip yglan etdi. Şondan bäri bütin dünýäde bu şanly sene giňden bellenilip gelinýär.
2017-nji ýylyň 15-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklady. Bu maksatnama laýyklykda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän iri ýadygärlikleriň birnäçesinde gazuw-agtaryş hem-de dikeldiş işleri geçirilip başlandy.
Şol ýadygärlikleriň hatarynda Ahal welaýatyndaky Abiwerd, Parzdepe, Şährihaýbar, Şähristan ýadygärlikleri, Balkan welaýatyndaky Dehistan ybadathana metjidi hem-de Isgendergala ýadygärligi, Daşoguz welaýatyndaky Köneürgenç kerwensaraýy, Lebap welaýatyndaky Amul galasy hem-de Daýahatyn kerwensaraýy, Mary welaýatyndaky Daşrabat (Daňdanakan) ýadygärligi hem-de Uly Gyzgala bar.
Gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde makalalar toplumlary yzygiderli çap edilýär. Şolardan görnüşi ýaly, Mary şäheriniň 30 kilometr günbatarynda ýerleşýän Daňdanakan (Daşrabat) galasyndaky gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, tapylan taryhy zatlar ýurdumyzyň baý taryhynyň, medeniýetiniň hem-de mirasynyň bardygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Sonagül Hojageldiýewa,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Belek
şäherçesindäki 8-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.