Halkara “Buker” baýragynyň gysga sanawy mälim edildi. Onda alty ýurtdan alty ýazyjynyň ady geçýär – fransiýaly Wirjini Depant (Wernon Subuteks 1), koreýaly Han Gan (“Ak kitap”, The White Book), wengriýaly Laslo Krasnohorkai (“Dünýä dowam edýär”, The World Goes On), ispaniýaly Antonio Munos Molina (“Gaýyp bolýan kölege ýaly”, Like a Fading Shadow), yrakly Ahmed Saadawi (“Bagdatdaky Frankşteýn”, Frankenstein in Baghdad), polşaly Olga Tokarçuk (“Uçuşlar”, Flights).
Baýragyň eýesi 22-nji maýda Londonda mälim ediler. Halkara “Buker” baýragy 2005-nji ýylda esaslandyryldy. Baýrak kitaplary iňlis diline terjime edilen ýazyja her iki ýyldan berilýär. Adaty “Buker” baýragy bolsa, beýik britaniýaly, irlandiýaly we Britan Arkalaşygy ýurtlarynyň iňlis dilli awtorlaryna her ýylda gowşurylýar. Halkara “Buker” baýragy 2016-njy ýyldan başlap, ilkinji gezek umumy döredijiligi üçin däl-de, eýsem, belli bir kitap üçin gowşurylyp başlandy. Şol ýyldan başlap hem Halkara “Buker” baýragyny ýylda bir gezek gowşurmaly diýlen karara gelindi. Baýragyň puly 50 müň ýewro barabar bolup, awtor ony terjimeçi bilen paýlaşmaly.