Hytaýlylar edebiýatdaky üstünlikleri bilen dünýäde meşhurdyr. Olar ajaýyp şahyrana we kyssa eserleriniň birgidenini döredipdirler. Hytaýlylar pähim-paýhasyň gadyryny bilýän halk, olaryň ajaýyp edebi eserleri iňlis ýazyjysy Semýuel Jonsonyň “Siz okamagy söýýänçäňiz, hiç haçan düşünjeli bolup bilmersiňiz” diýen jaýdar sözlerini doly tassyklaýar. Gadym zamanlarda hytaý kyssaçylarydyr şahyrlary hatdat we suratkeş bolupdyrlar. Olaryň kitaplary özüniň nepisligi bilen tapawutlanyp, käbir babatlarda şu günki günüň ýeten derejesinden hem ýokary bolupdyr. Hytaýda bütin dünýäde halanýan çagalar üçin niýetlenen kitaplar çap edilýär.
XX asyryň görnükli kyssaçylarynyň biri Çžan Týani öz döwürdeş ýazyjy-şahyrlaryny çagalar edebiýatyny ösdürmäge çagyrýar. Eýsem, hytaýly çagalar edebiýat dünýäsine syýahatyny haýsy kitaplardan başlaýarlar?! Bütin dünýäde bolşy ýaly, ertekilerden, körpe okyjylar üçin ýeňilleşdirilen gadymy hytaý rowaýatlaryndan hem-de miflerinden başlaýarlar. Ýazyjylar fantastika we fentezi ýaly žanrlary ünsden düşürmändirler, şeýle kitaplary diňe bir terjime etmän, eýsem, hytaýly awtorlaryň özleri hem ýazýarlar. Soňky wagtlarda Hytaýda çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenen fentezi žanrynda ýazylan eserler has-da meşhurdyr.
Hytaýyň belli çagalar ýazyjysy Su Şuýan özüniň “Syrly Hytaý. Otly aždarhanyň ýurduna syýahat” atly kitaby bilen meşhurdyr. Ýazyjy öz ýurdunda 14 million nusga bilen 15 dilde neşir edilen kitabyň awtory hökmünde däl-de, eýsem, şahyr we dramaturg hökmünde hem giňden tanalýar. Onuň kitabynda hytaý medeniýetiniň dürli döwürleri barada gyzykly gürrüňler berilýär, kitap dürli düşündirişli suratlar bilen bezelipdir. Su Şuýan 2010-njy ýylda medeniýetiň ösüşine aýratyn goşandy üçin BMG-niň baýragy bilen sylaglanan ilkinji hytaýly ýazyjydyr.
Şeýle hem Wen In ady bilen ýazýan ýazyjy hem-de şahyr Lo Ini hem ýatlap geçsek, ýerlikli bolar. Ol heniz 23 ýaşyndaka Hytaýyň ýazyjylar bileleşigine kabul edilýär. Lo In uzak wagtlap, “Çagalar edebiýaty” žurnalynda baş redaktor wezipesinde işleýär. Onuň ýolbaşçylygynda ýaş okyjylarda edebiýata bolan ymtylyş kemala gelýär.
Iki ýyl mundan ozal, “China Youth Daily” gazeti XXI ýüzýyllygy çagalar edebiýatynyň “altyn asyry” diýip, yglan edipdi. Maglumatlara görä, häzirki wagtda Hytaýdaky 600-e golaý iri neşirýat öýleriniň aglabasy çagalar edebiýatyny neşir etmek bilen meşgullanýar. Häzirki wagtda ýurtda çagalar edebiýatynyň bazary barha ösýär we halkara derejesinde uly abraýdan peýdalanýar. “China Children’s Press & Publication Group”, “Changjiang Children’s Press” we “21st Century Publishing House” ýaly iri hytaý neşirýatlary daşary ýurtlarda geçirilýän dürli sergilerde we şüweleňlerde öz ýurdy bilen ýakyndan tanyşdyrýarlar.
2010-njy ýylda çagalar we ýetginjekler üçin eserleri ýazýan hytaýly ýazyjylaryň sanawyna üç ýazyjy girdi. Olaryň biri Çžen Ýuansze bolup, ýazyjynyň “Pipilu” atly ertekiler ýygyndysy millionlarça nusgada satyldy.
Belli ýazyjylaryň hatarynda ýene biri bolsa, ýetginjekleriň we talyplaryň arasynda giňden tanalýan Go Szinmindir. Ol söýgi romanlaryny ýazyp, onuň iň meşhur eserleriniň biri “Arzuwlaryň şäheridir”.
Ýan Hunin hem tanymal ýazyjylaryň biridir. Onuň “Gyzjagazlaryň gündeligi” hem-de “Oglanjyklaryň gündeligi” ýaly kitaplar toplumy giňden tanalýar. Şeýle hem onuň “Mekdep hakyndaky hekaýalary” we “Bezzat Mao Sýaotýao” ýaly eserleri iň meşhury hasaplanýar.
Ilaty 1,5 milliarda golaý bolan HHR-iň iri korporasiýalarynyň düzüminde köp sanly hususy çaphanalar bar. Hytaý özüniň bu hususy neşirýat öýleriniň hyzmaty bilen dünýä bazaryna çykmagy başardy. Daşary ýurtly sargytçylaryň iň esasy islegi bolsa, kitap oýunjaklar bolup, çagalaryň arasynda iň meşhurydyr. Geçirilen barlaglarda hytaýly ene-atalaryň köpüsi çagalaryna kitap satyn alyp bermegi has ileri tutýan ekenler. Belli bolşuna görä, soňky ýyllarda Hytaýyň çagalar edebiýaty boýunça döwlet neşirýaty halkara neşirýat biznesine möhüm gatnaşyjy boldy. Hytaý neşirýatlary dünýäde çagalar edebiýaty üçin guralýan sergi-ýarmarkalaryna işjeň gatnaşýarlar.
Şirin Gulalowa,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň
gündogar dilleri kafedrasynyň mugallymy.