2040-njy ýylda nebitiň bir barreliniň bahasy 252 dollara deň bolar. Bu barada ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň garamagyndaky garaşsyz maglumatlar edarasy habar berýär. Onuň 2040-njy ýyla çenli dünýäniň energiýa bazarynyň ýagdaýy barada taýýarlan makalasynda nebitiň bahasy hakynda-da maglumatlara salgylanylýar.
Hünärmenler üç ssenarini çaklaýarlar – kanagatlanarly, negatiw hem-de hakykat. Munuň birinji boýunça 2040-njy ýyla çenli nebitiň bahasy 252 dollara deň bolar. Negatiw ýagdaaýda bolsa, bu görkeziji 76 dollara golaýlar. Hakykatda bolsa, onuň nyrhy 141 dollara barabar bolar.
Önümizdäki 25 ýylda dünýäde energiýa serişdeleriniň sarp ediliş mukdary 1,5 esse köpeler. Ol hem Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ösüşine bagly bolar. Bu döwre çenli dünýäde energiýany ulanmagyň mukdary 48 göterim ýokarlanar. Önümizdäki ýyllarda energiýa serişdeleriniň agramly bölegi senagat önümçiliginde sarp ediler.