Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli halkara sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly X halkara ylmy maslahaty geçirildi. Dünýäniň onlarça ýurdundan wekilleri ýygnan sergi hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmegi, atçylyk ulgamynda işewür we ylmy gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny, bedewleri ýetişdirmekde we ösdürmekde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny ugur edinýär.
Sergä gatnaşýan ýurtlaryň hatarynda Russiýa, ABŞ, Hytaý, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ispaniýa, Awstriýa, Niderlandlar, Türkiýe, Eýran, Pakistan, Argentina, Urugwaý, Awstraliýa, Malaýziýa, Mongoliýa, Polşa, Çehiýa, Azerbaýjan, Belarus, Moldowa, Ukraina, Gazagystan, Estoniýa we beýleki ýurtlar bar.
Sergi zalynda ýurdumyzyň ministrlikleri hem-de edaralary, welaýatlaryň wekilleri, paýtagtymyzyň iri muzeýleri we telekeçiler öz diwarlyklaryny görkezdiler. Aşgabat sergisiniň ýokary dünýä ölçegini milli atçylyk assosiasiýalaryna we klublaryna wekilçilik edýän daşary ýurtly gatnaşyjylaryň, ýöriteleşdirilen gurluşyk we iri kompaniýalaryň, atçylyk üçin niýetlenen enjamlary we önümleri öndürijileriň, okuw-tälimçilik we sport guramalarynyň, weterinar klinikalarynyň, çeperçilik salonlarynyň we fotostudiýalaryň diwarlyklary aýdyň görkezdi.
Şeýle hem ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň guramaçylygynda geçirilen “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly X halkara ylmy maslahatyna ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly hünärmen-ippologlaryň, genetikleriň, seçgiçileriň, çapyksuwar-türgenleriň we tälimçileriň, taryhçylaryň, etnograflaryň, sungaty öwrenijileriň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 100-e golaýy gatnaşdy.
Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda geçen umumy mejlisiň barşynda biziň halkymyzyň seçgiçilik sungatynyň iň beýik eserini dünýä diňe bir peşgeş bermän, eýsem, bu täsin atlaryň arassa tohumlylygyny saklap, olaryň ajaýyp häsiýetlerini we genofonduny yzygiderli kämilleşdirmegi hem başarandyklary bellenildi. Ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça halkara tagallalary birleşdirmek, tohum aýratynlyklaryny saklamagyň zerurlygy babatda bu ulgamda bilimleri hem-de täze ylmy gözlegleri alyşmak üçin meýdança hökmünde häzirki forumyň ähmiýeti bellenip geçildi.