Türk­men be­de­wi­niň milli baý­ra­my my­na­sy­bet­li me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de paý­tag­ty­my­zyň gü­nor­ta kün­je­gin­dä­ki Kö­pet­dag şa­ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça däp bo­lan ma­ra­fon bäs­le­şi­gi bol­dy. On­da saý­la­ma be­dew­ler 60 ki­lo­metr­lik ara­lyk bo­ýun­ça güýç sy­na­nyş­dy­lar. Şeý­le hem Aş­ga­ba­dyň açyk ma­než­li at­çy­lyk sport top­lu­myn­da päs­gel­çi­lik­ler­den bök­mek bäs­le­şi­gi bol­dy.
Hä­zir­ki dö­wür­de ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň ta­ry­hy me­ka­ny bo­lan Türk­me­nis­tan hal­ka­ra bi­le­le­şik üçin dün­ýä at­şy­nas­ly­gy­nyň iri mer­ke­zi­ne öw­rül­ýär. Bu ýer­de “ga­nat­ly be­dew­le­ri” kö­pelt­mek we ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça ga­dy­my däp­ler döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň çäk­le­rin­de döw­re­bap ösü­şe eýe bol­dy.
“Türk­men at­la­ry” döw­let bir­le­şi­gi­niň gu­ran ma­ra­fon ýa­ry­şy­na ýur­du­myz­dan we da­şa­ry ýurt­lar­dan jan­kö­ýer­le­riň köp san­ly­sy gat­naş­dy. Uzak ara­ly­ga ge­çi­ril­ýän ýa­ryş iki tap­gyr­dan yba­rat bo­lup, şo­la­ryň her bi­ri 30 ki­lo­met­re ba­ra­bar­dyr. Onuň ug­ry Kö­pet­dag şa­ýo­lu­nyň ug­run­dan geç­ýär. Ma­ra­fon ýa­ry­şy­na 4 ýa­şar­dan 14 ýa­şa­ra çen­li ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň 30-a go­la­ýy gat­naş­dy. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­na, Mil­li at­çy­lyk spor­ty mer­ke­zi­ne we “Türk­men at­la­ry” döw­let bir­le­şi­gi­niň we­la­ýat­lar­da­ky at­ha­na­la­ry­na hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler we Go­ran­mak mi­nistr­lik­le­ri­ne, hu­su­sy at­şy­nas­la­ra de­giş­li be­dew­ler bar.
Bu ugur­da bedewler di­ňe bir ýyn­dam­lyk­da däl, eý­sem, ýa­ryş ma­ha­ly çy­dam­ly­lyk taý­dan hem öz­le­ri­ni gör­kez­me­li­dir. Bäs­le­şi­ge gat­naş­ýan be­dew­ler iki ge­zek luk­man­çy­lyk gö­zeg­çi­li­gin­den ge­çi­ril­di. Çün­ki ola­ryň sag­lyk gör­ke­zi­ji­le­ri yk­rar edi­len hal­ka­ra ka­da­la­ry­na la­ýyk gel­me­li­dir.
Ma­ra­fon ýa­ry­şyn­da ýe­ňi­ji bo­lan­la­ra Türk­men be­de­wi­niň milli baý­ra­my my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan da­ba­ra­lar­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan baý­rak­lar gow­şu­ry­lar. Şeý­le hem Aş­ga­bat­da­ky açyk ma­než­li at­çy­lyk sport top­lu­myn­da spor­tuň olim­pi­ýa gör­nüş­le­ri­niň bi­ri bo­lan kon­kur (päs­gel­çi­lik­ler­den geç­mek) bo­ýun­ça ýa­ryş­lar ge­çi­ril­di. Bu bäs­le­şi­ge Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­na, Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­my­na, Mil­li at­çy­lyk spor­ty mer­ke­zi­ne we ýur­du­my­zyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­ne de­giş­li be­dew­le­riň 20-ä go­la­ýy gat­naş­dy­.
Ýa­ryş­la­ryň ka­da­sy­na la­ýyk­lyk­da, ça­pyk­su­war bu ýer­de otur­dy­lan päs­gel­çi­lik­le­riň 12-si­ni iki tap­gyr­da geç­me­li. Şo­la­ryň bi­rin­ji tap­gyr­da­ky­sy­nyň be­ýik­li­gi 1 metr 10 san­ti­met­re, ikin­ji tap­gyr­da­ky päs­gel­çi­lik­le­riň be­ýik­li­gi bol­sa, 1 metr 20 san­ti­met­re ba­ra­bar­dyr. Ikin­ji tap­gyr­da je­ri­me utuk­la­ry­ny az ga­za­nan we ýo­ka­ry tiz­li­gi gör­ke­zen ýe­ňi­ji bol­ýar.
Bäs­le­şik­ler ça­pyk­su­war­la­ryň be­dew­le­re erk et­mek­dä­ki ýo­ka­ry us­sat­ly­gy­ny gör­kez­di. Mu­nuň özi ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň di­ňe bir aja­ýyp be­den taý­ýar­ly­gy­na eýe­di­gi­ni däl, eý­sem, ola­ryň päs­gel­çi­lik­ler­den bök­ýän pur­sat­la­ryn­da de­ňag­ram­ly­ly­gy sak­la­ma­ga bo­lan ukyp­ly­ly­gy­ny hem äş­gär ed­ýär. Şu ýer­de hem ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň “as­man” at­la­ry diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň ýö­ne ýer­den däl­di­gi­ne göz ýe­tir­ýär­siň. Kon­kur bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri Türk­men be­de­wi­niň milli baý­ra­my my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek da­ba­ra­lar­da yg­lan edi­ler.

Eziz KULYÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky TOHU-nyň talyby.