Dünýä belli “iPhone” kysymly ykjam telefonlary öndürýän “Apple” kompaniýasy Hytaý Halk Respublikasynda internet arkaly taksi hyzmatyny döwrebap usulda kämilleşdirmek babatda zerur işleri geçirýär. Hytaýdaky “Didi Chuxing” taksilerini internet arkaly çagyrmak üçin 1 milliard dollar maýa goýum goýmak maksat edinilýär. Bu barada “The Wall Street Journal” gazeti habar berýär. “Didi Chuxing” Hytaýda “Uber China” şereketiniň esasy bäsdeşi bolup durýar.
– «Didi» innowasion özgertmeler üçin nusgalyk firma. Şereketiň alyp barýan işlerinden hoşal. Olary häzirki ösüş döwründe goldamak isleýäris – diýip, “Apple” kompaniýasynyňň baş müdiri Tim Kuk gürrüň berdi. Hytaýly firma her gün 11 million taksi gatnawyny amala aşyrýar we bu ugurda Hytaýyň bazarynyň 87 göterimini eýeleýär. Taksi hyzmaty babatynda Hytaýda “Didi” bilen Amerikanyň “Uber” kompaniýasynyň goldaw berýän “Uber China” firmasy özara bäsleşýär. Golaýda “Uber” şereketi hem Hytaýda taksi hyzmatyny has-da güýçlendirmek üçin uly möçberde maýa goýum taslamalaryny amala aşyrypdy.
Geçen hepde «Apple» kompaniýasy «Forbes» žurnalynyň barlaglarynyň netijesinde, 6-njy gezek dünýäniň iň gymmat brendiniň sanawynda birinji orny eýeledi. Neşiriň maglumatyna görä, kompaniýanyň brendiniň umumy bahasy 154,1 milliard dollara deňdir.