Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 22-23-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen XI Newa halkara ekologiýa kongresine wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy. 

Bu kongres «Ýer planetasy: adam bilen tebigatyň sazlaşygy» şygary bilen geçirildi. Newa halkara ekologiýa kongresi 2008-nji ýyldan bäri Sankt-Peterburgda geçirilýär. Onuň meýdançasynda daşky gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmek we ýurtlaryň daşky gurşaw kanunçylygynyň özara sazlaşygyny gazanmak babatynda parlamentara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürmek, bu ugurda terbiýeçilik işini we ilatyň sowatlylygyny ýokarlandyrmak, BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalary bilen hyzmatdaşlykda daşky gurşaw howpsuzlygy syýasaty bilen baglanyşykly halkara gün tertibini döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Ekologiýa kongresiniň dowamynda Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy, Hazar deňzinde geljek üçin hyzmatdaşlyk, uly şäherleriň ekologiýasy ýaly temalarda maslahatlar geçdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili bu kongresde çykyş etmek bilen, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi babatda alyp barýan işlerini, şol sanda suw diplomatiýasy boýunça öňe sürýän oňyn başlangyçlaryny belläp geçdi.

Çeşme: mejlis.gov.tm