23-nji maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, 3-nji iýunda paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramagyň göz öňünde tutulýandygy barada aýdyldy. Şanly sene mynasybetli 30-njy maý — 3-nji iýun aralygynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde welosipedli ýörişleri, sport ýaryşlaryny, ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped gününi dabaraly belläp geçmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde, welaýatlarda bedenterbiýe-sport çärelerine gowy taýýarlyk görmegiň we talabalaýyk geçirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.