Aziýa yklymynda birnäçe döwletiň awiakompaniýalarynyň bir ýere jemlenmegi esasynda iri awiakompaniýany döretmek göz öňünde tutulýar. Bu babatda Ýaponiýanyň ANA Holdings kompaniýalar topary bilen Singapuryň “Singapore Airlines” şereketiniň arasynda degişli ylalaşyga gol çekildi.
Bu resminama laýyklykda, täze dörediljek awiakompaniýanyň hataryna “Scoot”, “Vanilla Air”, “Tiger Airways”, “Tiger Airways Australia”, “Nok Airlines PCL”, “NokScoot”, “Cebu Pacific” we “Jeju Air” ýaly kompaniýalar goşular. Bu ylalaşyga goşulan kompaniýalaryň aglabasy býujet edaralarydyr.
Gazanylan ylalaşygyň şertlerine görä, ýokarda agzalan awiakompaniýalaryň müşderileri islendik kompaniýanyň resmi internet saýty arkaly sebitiň 160 şäherine öňünden bilet sargyt etmäge mümkinçiligi bolar.