27-nji maýda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Hameli tarapyndan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary üçin “Türkmenistan bilen Birleşen Arap emirlikleri: nebitgaz ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk” temasy boýunça okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagy Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýa merkeziniň mejlisler zalynda geçirilip, oňa uniwersitetiň rektory, Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň mugallymlary we talyplary, Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçihanasynyň işgärleri gatnaşdylar. Ahmed Al Hameli çykyşynda öz ýurdunda ylym-bilim ulgamynda ýaşlykdan emeli aň we onuň bilen baglanyşykly düşünjeleriň orta mekdebinden berlip başlanýandygy, nebitgaz hem-de energetika ugrunda sanly tehnologiýalary babatda dünýä belli kompaniýalaryň we ýerli kärhanalaryň gatnaşmaklarynda emeli aň we onuň bilen baglanyşykly tehnologiýalaryň ýokary depginde ornaşdyrylandygy, bu işleriň bolsa ýokary netije berip başlandygy barada giňişleýin gürrüň berdi. Ol her pudaga degişli emeli aň bilen baglanyşykly çözgütleriň üstünde durup geçdi hem-de olaryň geljekde döretjek mümkinçiliklerini açyp görkezdi. Şeýle hem, ilçi Birleşen Arap Emirlikleriniň belli ýokary okuw mekdepleri bilen tanyşdyrdy hem-de ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakda goldaw bermäge taýýardygyny belledi.
Çeşme: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti.