27-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gender meseleleri boýunça uly geňeşçisi Lara Skarpittanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda myhmanlar Türkmenistanyň alyp barýan parahatsöýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de milli Parlamentiň düzümi, alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Halkara guramalar, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigi hem-de täze ugurlar boýunça giňeldilýändigi bellenildi.
Türkmenistanda adam hukuklary, gender deňligi, çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek hem-de adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça hereketleriň milli Meýilnamalary we olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti hem-de bu ugurlarda Birleşen Milletler Guramasy, onuň düzümleri, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigi barada aýdyldy.
Duşuşygyň dowamynda geljekki döwür üçin meýilnamalar barada aýdylyp, zenanlaryň syýasy işleri, şol sanda parahatçylyk we howpsuzlyk, ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň Merkezi Aziýa ýurtlarynda hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak meselelerinde dürli çäreleri geçirmek teklip edildi.
Taraplar hyzmatdaşlygyň çäginde geňeşmeleriň we okuw maslahatlarynyň guralmagynyň kanunlara seljerme bermäge hem-de sanlylaşdyrmagyň ösýän döwründe parlament işini has kämil derejede alyp barmagyň usullaryny öwrenmäge mümkinçilikleri döredýändigini bellediler.

Çeşme: mejlis.gov.tm