Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Nikuşor Daniýel Dana Rumyniýanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Nikuşor Daniýel Dana berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Rumyniýanyň ähli halkyna bolsa, parahatçylyk, rowaçlyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.
18-nji maýda geçirilen saýlawda ýeňiş gazanan Nikuşor Daniýel Dan 26-nji maýda ýurduň parlamentinde kasam kabul edip wezipesine girişipdi.