Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasat alnyp barylýar.
23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, standartlaşdyryş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, nebitgaz pudagynyň, halkara howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we oba hojalyk pudagynda, welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy ýaly meseleler bar.
Mejlisde habar berlişi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylyň noýabr aýy daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etmäge gönükdirilen wakalara baý bolar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergini we maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli dokma kärhanalarynda öndürilýän eksport ugurly önümler Polşa Respublikasynyň Žguw şäherinde geçiriljek «Fast Textile 2026» atly halkara sergide tanyşdyrylar. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly geçiriler.
Mundan başga-da, Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahata hem-de Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumyna taýýarlyk görülýär.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, şeýle hem umumy uzynlygy 546 kilometr bolan Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak, onuň ugrunda umumy uzynlygy 812 metr bolan awtomobil köprüsiniň taslamasyny düzmek, ony gurmak, köprüleri döwrebaplaşdyrmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berýän Kararlara gol çekdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Şeýle-de geçen hepdede gol çekilen resminamalaryň hatarynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda kuwwatlylygy ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň taslamasyny düzmek we onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada Karar bar.
Umuman, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz ösüşleriň ýoly bilen okgunly öňe barýar. Ýurdumyzyň asuda durmuşy, her güni ajaýyp işlere beslenýär. Bu gün bedew bady bilen okgunly öňe barýan Diýarymyz hemmetaraplaýyn ösüşlere, özgerişlere beslenýär. Şol geçilen menziliň her ädiminiň ýurduň, halkyň ykbalyny kesgitleýän özgertmelerden, şanly wakalardan, bitirilýän ägirt uly işlerden doludygyna ýene bir ýola göz ýetirmek bolýar. Ýetilen belent sepgitler, tutulan maksatlar Watanyň, halkyň ykbalyny beýgeldip barýar. Sazlaşykly ösýän türkmen döwletinde, rowaçlyga beslenen milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ösüşiň batly depginlerini äşgär görmek bolýar.
PDF







