Külli musulmanlar bilen birlikde türkmen halky hem ata Watanymyzda Gurban baýramyny ýokary derejede belleýär. Türkmen topragynda gadymdan bäri aýratyn sarpalanýan bu mukaddes baýramçylygyň milli senenamamyzyň ähmiýetli seneleriniň sanawyna girizilmegi bilen, ata-babalarymyzyň ajaýyp däplerini dowam edýän halkymyz Gurban baýramyny giňden we şatlykly ýagdaýda belleýär.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen 2025-nji ýylyň 6-7-8-nji iýunynda Gurban baýramy belleniler. Gurban baýramynyň ahyrky gününiň dynç gününe düşýändigini nazarda tutup, hormatly Prezidentimiziň
Permany esasynda dynç güni 9-njy iýuna geçirildi. Şeýlelikde, türkmen halkymyz uly agzybirlikde Gurban baýramyny bellär. Gadymdan gelýän bu baýram adamlaryň köňlüni päkläp, ýagşylyga çagyrýar.
Gurban baýramy ozaly bilen, maşgala baýramy bolup, her öýde gadyrly myhmanlar üçin datly tagamlar taýýarlanylýar. Bu baýram hoşmeýilliligiň we mähribanlygyň baýramy bolup, adamlary birleşdirýär.
Bu baýramyň esasy ybadatlary baýram namazyny okamak hem-de gurbanlyk çalmakdyr. Gurbanlyk kesmek Gurban baýramynyň birinji güni Baýram namazy okalandan soň başlanyp, üçünji günüň agşamyna çenli dowam edýär. Şeýle-de gurbanlykda soýuljak mal sagdyn we semiz bolmalydyr. Düzgün boýunça gurbanlyk malyň eti deň üç bölege bölünmeli. Bu bölekleriň biri gurbanlyk berýäniň maşgalasyna, bir bölegi dogan-garyndaşa, galan bir bölegi bolsa gurbanlyk kesip bilmediklere paýlanmaly.
Rowaýatda, yslam çeşmelerinde gurbanlyk bermek dessurynyň Adam atadan bäri berjaý edilip gelinýändigi barada aýdylýar. Gurban baýramy Allanyň ynsanlara nygmat eçilen güni hasaplanypdyr. «Gurbanlyk» sözi, aslynda, «ýakynlaşmak, ýakyn bolmak» diýen manyny aňladýar. Ata-babalarymyz Gurban baýramynda edilen arzuw-islegleriň, ýürege düwlen päk niýetleriň hasyl bolýandygyny belläpdirler. Bu baýramyň öň ýanynda öýke-kineli adamlar ýaraşypdyrlar.
Gurban ybadatynyň şerti gurban edilmegine rugsat berlen jandarlardan birini gurbanlyk günlerinde kesmekdir.Sygyr we düýäni ýedi kişä çenli şärik bolup kesmek mümkindir. Emma goýun we geçini diňe bir adam gurban kesip biler. Sygyr ýa-da düýe malyna şärik bolýanlaryň ählisi hem gurbanlyk niýeti bilen şärik bolmaly, aralaryndan bir kişi hem et almak niýeti bilen şäriklige goşulmaly däldir.
Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, gurbanlyk mal Gurban baýramynyň birinji, ikinji we üçünji günlerinde kesilýär. Ýöne birinji günde kesilmegi has sogaplydyr. Gurban kesmegiň wagty Baýram namazynyň okalmagyndan soňradyr.
Ýurdumyzyň zyýaratçylary yslam dünýäsiniň mukaddes ýerleri hasaplanýan Mekge we Medine şäherlerine haj parzlaryny berjaý etmek üçin zyýarata gitdiler. Ýurdumyzyň ähli ýerinden bolan zyýaratçylar musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň sahawatly günlerinde dünýä ýurtlaryndan barýan zyýaratçylaryň millionlarçasy bilen bir hatarda, Mekgede hem-de Medinede haj parzyny ýerine ýetirerler. Medinede zyýaratçylar hezreti Muhammet pygamberiň, onuň egindeşleriniň ruhlarynyň aram tapan ýerlerine, metjitlere we beýleki mukaddes ýerlere zyýarat ederler. Olar yslam dünýäsiniň baş mukaddesliklerine togap edip, mukaddes Käbäniň daşyndan aýlanarlar, ýurdumyz we halkymyz üçin doga-dileg ederler.
Mukaddes Gurban aýynda berlen gurbanlyklar, edilen dilegler kabul bolsun!
Nepes ANNABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.