“Ea­sy­Jet” awia­kom­pa­ni­ýa­sy için­de elekt­ron en­jam ýer­leş­di­ri­len aýak­gap ön­dür­di. Bu, esa­san hem, ja­han­keş­de­le­riň has-da gy­zyk­lan­dyr­ar. Olaryň ba­ran şä­he­rin­de ýit­mez ýa­ly, bar­jak ýe­ri­ne gys­ga we amat­ly ýol­dan ba­rar ýa­ly şert dö­re­der.
Kom­pa­ni­ýa­nyň ön­dür­ýän “Snea­kairs” sport aýak­gap­la­ry hä­zir­ki za­man yk­jam te­le­fon­la­ryn­da bar bo­lan “Blue­tooth” we tit­re­me en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan. Yk­jam te­le­fo­na ýer­leş­di­ri­len ýö­ri­te go­şun­dy ar­ka­ly aýak­ga­ba sig­nal ibe­ril­ýär, ol hem tit­räp baş­lar we si­ze dog­ry ýo­ly sal­gy be­rýär.
Hä­zir­lik­çe bu go­şun­da di­ňe “iP­ho­ne” te­le­fon­la­ryn­da bo­lar. Soň­lu­gy bi­len, awia­kom­pa­ni­ýa beý­le­ki “And­roid” ar­ka­ly iş­le­ýän äh­li te­le­fon­lar üçin bu ul­ga­my ýol­a goý­ma­gy mak­sat edin­ýär.