Ýer to­ga­la­gy­nyň iň ýa­şu­ly ada­my ha­sap­lan­ýan Sýu­zan­na Mu­şatt Jons 116 ýa­şyn­da ara­dan çyk­dy. Bu ba­ra­da “As­socia­ted Press” ha­bar­lar gul­lu­gy ha­bar ber­ýär. ABŞ-ly Sýu­zan­na Jons dur­mu­şy­nyň soň­ky gün­le­ri­ni Nýu-Ýork şä­he­ri­niň Bruk­lin et­ra­byn­da­ky gar­ry­lar öýün­de ge­çir­di. Ol 1899-njy ýy­lyň 6-njy iýu­lyn­da Ala­ba­ma şta­tyn­da kä­ren­de­çi­niň maş­ga­la­sy­nyň 9-njy ça­ga­sy bo­lup, dün­ýä inip­di. 1923-nji ýyl­da Nýu-Ýork şä­he­ri­ne gö­çüp gel­ýär. Ga­lan öm­rü­ni bu ýer­de ge­çir­ýär. Ol ga­za­nan ujyp­syz­ja iş ha­kyn­dan art­dy­ryp, 3 ýe­ge­ni­ni oka­dyp­dyr. Bu kö­me­gi ol öz öm­rü­niň esa­sy üs­tün­li­gi ha­sap­la­ýar.
Ge­çen ýyl ýa­po­ni­ýa­ly Mi­sao Oka­wa ara­dan çy­kan­dan soň­ra Jons dün­ýä­niň iň ýa­şu­ly ada­my hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­rip­di. Ha­bar­lar gul­lu­gy­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň iň gar­ry ada­my di­ýen de­re­je Ita­li­ýa­dan Em­ma Mo­ra­na be­ril­di. Ol Jons­dan bir­nä­çe aý ki­çi.